Bu barada düýn, 21-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdylyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-25-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilýän döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýuldy. Netijeli döwletara hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilip, dürli ugurlary öz içine alýar. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady resminamalaryň 180-si bilen berkidildi. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejedäki özara saparlar we duşuşyklar türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Gazagystan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
«THE ASHGABAT TIMES».