Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda köp sanly baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Her gün «Berkarar» we «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezlerinde senetçilik ýarmarkalary guralýar, bu ýerde owadan arça bezeglerini, özboluşly oýunjaklary we baýramçylyk sowgatlaryny satyn alyp bolýar. Şeýle hem şu hepde şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli köp sanly medeni çäreler meýilleşdirildi.
20-nji dekabrda sagat 15:00-dan 19:00-a çenli Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli kitap ýarmarkasy geçiriler. Çäre Aşgabadyň kitap dükanlarynyň köpüsini bir ýere jemläp, edebiýat neşirleriniň, şeýle hem baýramçylyk sowgatlarynyň giň görnüşini hödürlär.
Myhmanlar baýramçylyk şowhunyndan, süýjüliklerden we adaty Ýewropanyň Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan sazlaryndan lezzet alarlar. Kitap alyş-çalyş burçy («Book Swap Corner»), Aýazbaba hat ýazmak üçin ýörite nokat hem-de çagalar üçin döredijilik sapaklary guralar. Gatnaşyjylar alyş-çalyş üçin öz kitaplaryny getirip bilerler. Giriş tölegsizdir.

21-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasy «Winter Cup 2025» at bilen akyl-paýhas bäsleşigini geçirer. Bäsleşik 12 soragdan ybarat bolup, iki tapgyry öz içine alýar. Iň gowy iki topar jemleýji tapgyra çykar, galan toparlar bolsa baýrakly orunlar ugrunda bäsleşigi dowam etdirerler.
20 – 21-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Döwlet simfoniki orkestriniň konserti bolar. Konsertde dünýä nusgawy sazlary ýaňlanar, olar Täze ýyl baýramçylygynyň şowhunyny döredip, saz gurallarynyň owadan sazlaşygyny emele getirer.
«THE ASHGABAT TIMES».