Dark
Light
29.12.2025
bedew yyly THE ASHGABAT TIMES

Bedew batly ösüşleriň mekany

28.12.2025

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň üstünliklere beslenmeginde, dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini dabaralandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan ýyllaryň biri hökmünde taryha girip barýar. Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen her bir ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. 

Baky Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesini giňden dabaralandyran eziz Watanymyzda ýetip gelýän täze, 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi hem ildeşlerimizde aýratyn ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenjek ýylyň ahalteke bedewi bilen baglanyşdyrylmagy ýeneki üstünliklere ynamy artdyrýar. Çünki halkymyz bedewlere hemişe-de rowaçlyklaryň, okgunly ösüşleriň nyşany hökmünde garapdyr.

Mälim bolşy ýaly, geljek ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça ýylky ýyly. Pederlerimiz bu ýylyň rysgal-bereket, döwletlilik getirjekdigine ynanypdyrlar. «At — myrat», «At agynan ýerinde toý bolar», «Atym bar — ganatym bar», «At çapmaz, bagt çapar» ýaly parasatly jümlelerde-de bu hakykat öz beýanyny tapýar. Arassa ganly ahalteke bedewleri gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň wepaly dosty, kyn gününde syrdaşy bolupdyr. Olar owadan syn-sypaty, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti, eýesine wepalylygy bilen giňden meşhurdyr. Bu günki gün türkmen bedewiniň şan-şöhraty dünýäni haýran galdyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynda geçirilen 47-nji Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ajaýyp ýeňşi tutuş ýylymyza rowaçlyk eçildi. 

Şu günler bolsa watandaşlarymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçjek 2026-njy ýyly mynasyp garşylamaga taýýarlanýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ýylda-da Watanymyza bedew batly ösüşleriň ýaran boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.

Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hakyda azer THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

arash THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Meşhur aýdymçy Araş türkmen sahnasynda ilkinji gezek konsert berdi

Soňkylar Makalalar

Täze ýyl – maşgala baýramçylygy

29.12.2025
Ýüreklere joşgun, kalplara ylham, söýgi eçilýän Täze ýyl bosagada. Ýene sanlyja günden dünýäniň tas ähli ýerinde bellenilýän, diňe bir çagalaryň däl, eýsem, ulularyň hem

Bilim we ykdysady ösüşiň täze mümkinçilikleri

29.12.2025
2026-njy ýyl bilim we ykdysadyýet ugurlarynda täze çemeleşmeleriň we durnukly ösüşe gönükdirilen strategiýalaryň durmuşa geçirilýän döwri hökmünde häsiýetlendirilýär. Häzirki döwrüň şertlerinde bilimli, hünär taýdan

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop