Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyz nesilleriň ählitaraplaýyn terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin döwletiň, jemgyýetiň öňünde uly wezipeleri goýýar. Milli Liderimiz ýaş nesliň üç dili suwara bilmelidigini nygtaýar.
Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemekdir. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar. Şeýlelikde, daşary ýurt dilini öwredýän mugallymlaryňdyr hünärmenleriň öňünde birnäçe pedagogik wezipeler durýar.
Bilim ojaklarynda iňlis dili mugallymlarynyň, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, daşary ýurt dillerini okatmakda bilim tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmagy başarmagy, dili öwrenilýän ýurduň medeniýetini we taryhyny bilmegi möhümdir. Bu babatda iňlis diliniň okadylyşynyň usulyýetiniň halkara tejribesini öwrenmek, dünýä tejribesine laýyklykda iňlis dilini okatmagyň okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek, okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getirmek, başarjaň iňlis dili mugallymlarynyň täze neslini ýetişdirmek, iňlis dilini öwretmegiň innowasion usullaryny jemlemek, umumylaşdyrmak we ýaýratmak iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlarydyr.
Täze taryhy döwrümizde ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, şolaryň netijesinde hem dünýä derejesinde bilim almaklary möhüm wezipedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýä halklarynyň dillerini öwrenmekde uly netijeler gazanylýar. Bu işler Diýarymyzy täze ösüşlere ýetirýär, mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Muhammet ÖWLÝAGULYÝEW,
Halaç etrabynyň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugalymy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň agzasy.