Dark
Light
10.01.2026
masynlar THE ASHGABAT TIMES

Halkara ders bäsleşikleriniň hem-de sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglanyldy

15.12.2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlary hem-de olaryň halypa mugallymlaryny we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, türgenler, talyplar gatnaşdylar.

bas new THE ASHGABAT TIMES

Hormatly Prezidentimiz dabarada taryhy mazmunly çykyş edip, ýaşlary gazanan üstünlikleri bilen gutlady. Soňra ýeňijileriň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

gatnas THE ASHGABAT TIMES
ddd THE ASHGABAT TIMES
tans THE ASHGABAT TIMES

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, dünýä derejeli ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanan mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna 40, 70 we 100 müň manat möçberde pul baýragy gowşuryldy.

bbb 2 THE ASHGABAT TIMES

Mundan başga-da, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen halkara ýaryşlarda altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolan türgenlerdir olaryň tälimçileri 40, 70 müň manat möçberde pul baýragy, şeýle hem 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulaglar bilen sylaglanyldy.

ssss THE ASHGABAT TIMES
mas THE ASHGABAT TIMES

Sylaglara eýe bolan ýaşlar ýadygärlik surata düşüp, belent münberden ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

THE ASHGABAT TIMES.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hq720 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze halkara baýramçylyk “Bütindünýä türki dilleri güni”

saglyk bina THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkyň saglygy – döwletiň baýlygy

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop