Dark
Light
09.01.2026
bitara parahat THE ASHGABAT TIMES

Hemişelik Bitaraplyk – hoşniýetliligiň binýady

10.12.2025

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyz sebitde hem-de dünýäde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge aýratyn ähmiýet berip, bu babatda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Her ýylyň 12-nji dekabrynda milli senenamamyzda möhüm orun alan Halkara Bitaraplyk gününiň giňden bellenilip geçilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Agzybirlik, asudalyk, bagtyýarlyk ýaly düşünjeler öz gözbaşyny «parahatçylyk» diýen umman deý çuň, asman deý giň, daglar deý belent düşünjeden alýar. Şoňa görä-de, taryh sahypalarynda merdana millet hökmünde yz goýan şöhratly pederlerimiziň parahatçylyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy döwürde giň dünýäde belent ykrar tapýar.

Buýsanç bilen bellesek, 2025-nji ýylda wajyp ähmiýetli halkara çäreleriň ençemesi geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýi bilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň gabat gelmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi bolsa Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumy bolsa döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Halkara jemgyýetçilikde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini, Bitaraplygyň türkmen nusgasyny dabaralandyryp, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Hojamberdi WELMEDOW,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

zenan for THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Zenanlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk

t7tbicewwut7leq77dhxncftar0usn 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 20-nji mejlisine gatnaşýar

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň
GitTop