Dark
Light
10.01.2026
tm yapon THE ASHGABAT TIMES

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýady

18.12.2025

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty, durnukly ösüş, tebigy baýlyklary özleşdirmegiň giň mümkinçilikleri dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekýär. Ýaponiýa Türkmenistanyň wajyp hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy. Geçen döwrüň içinde ikitaraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi gazanyldy. Ol gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine almak bilen, ýylyň-ýylyna baýlaşýar.

Soňky ýyllarda köpugurly hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär, hil taýdan täze derejä çykýar. Parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyran saparlary iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatyndan iş ýüzünde netijeli peýdalanmaga uly mümkinçilik döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa saparynyň barşynda geçiren ýokary derejedäki ikitaraplaýyn we işewürlik duşuşyklary hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň üýtgewsiz ugur edinilýändigini ýene bir gezek tassyklady.

Iki dostlukly ýurt abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Bu formatyň çäklerinde ikitaraplaýyn we sebit derejesinde dürli ulgamlarda birnäçe bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirilýär, dürli derejeli duşuşyklar, forumlar guralýar. Şu ýylyň sentýabrynda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatynyň ministrler derejesinde geçirilen ikinji ykdysadyýet we energetika dialogynyň gün tertibine hem özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» hyzmatdaşlygynyň çäklerinde türkmen-ýapon gatnaşyklaryna özara bähbitlilik we deňhukuklylyk mahsusdyr. 

Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin, Merkezi Aziýa hem Ýewraziýa üçin iňňän wajyp hyzmatdaşdyr. Merkezi Aziýa ägirt uly önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, dünýäde depginli ösýän, yklymda täsirini we ähmiýetini barha tiz artdyrýan geostrategik sebitleriň biri hasaplanýar. Halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Muhammetmurat NARMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

okuwcy taze THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Häzirki zaman pedagogik usullaryny we ýörelgelerini okuw sapagynda peýdalanmagyň ähmiýeti

sport cagasy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sport we bedenterbiýe – ýaşlaryň endigi

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
GitTop