caga 25 2 THE ASHGABAT TIMES

Iş tejribelerimizi artdyrýarys

10.12.2025

Mili bilim ulgamynda gündelik täzelikler, täze sepgitler gazanylýar. Şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem okuw-terbiýeçilik, usulyýet-guramaçylyk işleri kämilleşdirilýär. Mekdebe çenli bilim-terbiýe babatda döwrüň möhüm wezipelerini ýerine ýetirmekde we iş tejribeleri artdyrmakda gazanylanlar barada Türkmengala etrabynyň käbir çagalar bakja-baglarynyň pedagogik işgärleriniň çykyşlaryny saýtyň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildik.

Aýnagözel JUMAÝEWA,
Türkmengala etrabynyň 9-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri:

― Çagalar bakja-baglarynda ata-eneler bilen geçirilýän işleri kämilleşdirmekde halkara tejribelerini öwrenmek işjeň ýagdaýda dowam edýär. Biz hem ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF)Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýörite maksatnama boýunça okuwlara gatnaşyp, çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň durmuş ösüşini goldamak babatda tejribelerimizi artdyrmaga mümkinçilik aldyk. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi we olarda täze maglumatlaryň paýlaşylmagy çagalar baglarynda körpeler we ata-eneler bilen alnyp barylýan işleri mazmunlaşdyrmaga itergi berýär. Ýurdumyzda bagtyýar nesilleriň sagdyn ösmegi, deňhukukly bilim gurşawynda kemala getirilmegi ugrundaky aladalary durmuşa geçirmekde şeýle çärelerde öwrenilen maksatnamalary iş ýüzünde işjeň durmuşa geçirmäge çalyşýarys.

Çagalar ýurdumyzyň geljegi bolup durýar. Şonuň üçin hem dünýäniň möhüm meselelerini çuňňur öwrenip, bu babatda usuly taýýarlygy ýokarlandyrmak biziň alyp barýan işlerimiziň esasylarynyň birine öwrülýär. Çagalar baglarynda milli terbiýeçilik däpleriniň halkara tejribeler bilen utgaşdyrylmagy körpeleri maksadalaýyk mekdebe taýýarlamakda ähmiýetlidir. Ýurdumyzda bilim işgärleriniň syýasy sowatlylygyny artdyrmaga, hünärlerini köptaraplaýyn kämilleşdirmäge gönükdirilýän giň mümkinçilikler we ajaýyp şertler bizi mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär.

Enejan FAÝZULLAÝEWA,
Türkmengala etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi:

― Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan ugur alnyp, mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik edaralarynda hem okatmagyň usulyýeti, şol sanda pedagogik işgärleriň hünärlerini kämilleşdirmek, dörebap mümkinçiliklerden peýdalanmak işleri üns merkezinde saklanýar. Biz hem sapaklarda sanlylaşdyrylan serişdeleri ulanmaga, pedagogik işgärleriň döredijilikli taslamalary işläp düzmäge bolan başarnyklaryny baýlaşdyrmaga çalyşýarys. Ýakynda hem bakja-bagymyzyň terbiýeçisi Gülşirin Allakulyýewanyň «Sanlar» diýen temany integrirlenen we interaktiw usulda öwretmäge degişli elektron görkezme serişdesini okuw işinde ornaşdyrmaga girişdik.

img 20251203 164341 THE ASHGABAT TIMES

Bu elektron gollanma sapagy gyzykly we netijeli guramaga, daşary ýurt dilleri bilen utgaşdyrmaga, şol sanda çagalaryň ýönekeý matematiki hasaplamak endiklerini berkitmäge, bilime bolan höweslerini artdyrmaga itergi berýär. Terbiýeçi G.Allakulyýewanyň bu elektron gollanmasy bilen welaýatyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Iň gowy elektron gollanma» atly bäsleşigiň etrap tapgyrynda ýeňiş gazanmagy bolsa bizi has-da buýsandyrdy. Şeýle serişdeleriň yzygiderli peýdalanylmagy, täze taslamalaryň işlenip düzülmegi sanly bilim mümkinçilikleriniň gerimini giňeldýär. Pedagogik işgärleriň döwrebap döredijiligi we usuly taýýarlygy boýunça elektron maglumat gorunyň üstüniň ýetirilmegi çagalar bakja-bagymyzyň ähli toparlarynda dowam etdirilýär we usuly taýdan kömek berilýär. Geljekde hem ýaş nesilleri zamanabap ruhda kemala getirmekde, öz bilimlerimizi kämilleşdirip, döredijilikli işlemekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekmäge ruhlanýarys.

Sülgün HANGULYÝEWA,
Türkmengala etrabynyň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi:

fabrika formatovimg 20251204 000409 THE ASHGABAT TIMES

― Döwletimiziň ösüşleri, şol sanda ýylymyzyň taryhy şygarlary öz adyna mahsus aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolsa biz çagalar bakja-baglarynyň bilim işgärleri hökmünde halkara bilim tejribelerini özleşdirmäge mümkinçiliklerimizi artdyrdyk. Bu ýylda ÝUNESKO-nyň degişli maksatnamalary boýunça paýtagtymyz Aşgabatda guralan okuwlara gatnaşyp, çaga terbiýesini ugrukdyrmakda ata-eneleri taýýarlamagyň usullaryny has giňişleýin öwrendik. Men hem halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde guralýan şeýle okuwlara gatnaşyp, hünärimi kämilleşdirmegim ýaş nesilleri döwrebap terbiýelemäge bolan usuly taýýarlygymy artdyrdy. Häzirki wagtda ata-eneler bilen bilelikde alnyp barylýan işleriň çäklerinde çaga terbiýesiniň möhüm ugurlary boýunça toplan maglumatlarymy paýlaşýaryn. Ata enelere maslahat bermekde, ýaş maşgalalary terbiýe meselesinde wajyp ugurlara taýýarlamakda pedagogik işgär hökmünde usuly maslahatlar berip, çaga terbiýesiniň gazanylmagyna goşant goşýaryn. Bu biziň birleşen tagallalar bilen ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan bagtyýar nesilleri mynasyp ýetişdirmäge, olaryň irki ösüşini gazanmaga itergi berýär. Ýeri gelende bellesek şu günler hem Mary welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan guralýan usuly-amaly maslahatlarda hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we çaga terbiýesi, irki ösüşi bilen bagly  nazary çykyşlarymyz arkaly öz kärdeşlerimiz, şol sanda ata-eneler bilen tejribelerimizi paýlaşýarys.

THE ASHGABAT TIMES

Şirin USSAÝEWA,
Türkmengala etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi:

― Pedagogik işgärler hemişe öz üstünde işläp hünärlerini kämilleşdirýärler. Bu okuw ýylynda bilimleri artdyrmakda tejirbeleri toplamak işimiziň esasy ugurlarynyň biri hökmünde öňe çykdy. Öz bilimiňi kämilleşdirmek depderleriniň ýöredilmegi, dürli edebiýatlara, maglumat çeşmelerine gyzyklanmalarymyzyň artmagy hünärimizde kämilleşmäge itergi berýär. Biz hem bakja-bagymyzyň terbiýeçileri, mugallymlary bolup, müdiriň ýolbaşçylygynda we usuly kömek bermeginde dünýä pedagogikasynyň we milli edebiýatlarymyzyň çeşmelerinden ugur alyp okatmagyň usulyýetini kämilleşdirýäris. Biziň saýlan kärimizde ussat pedagoglar bolup ýetişmegimizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň uly ähmiýeti bar. Biz bu kitaplary ýol-ýörelge, gollanma edinip täze ýylyň täze üstünliklerine tarap ynamly ädimler bilen öňe barýarys. Döwrümiziň bagtyýar nesillerini kemala getirmekde bilimlerimizi kämilleşdirýäris.

***

Bilim işgärleriniň çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly etrabymyzda çagalar bakja-baglarynda usuly guramaçylyk çäreleriniň netijeliligini artdyrmaga çemeleşmeler barha işjeňleşýär. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda zähmet üstünlikleriniň gazanylmagy toý sowgady hökmünde bellenilmäge mynasypdyr. Mundan beýläk-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk işlerini ýol-ýörelge edinip, yhlasly zähmet çekmek her bir terbiýeçiniň, her bir mugallymyň mukaddes borjudyr. Çünki perzent terbiýesi, maşgala gymmatlyklary, döwrüň ösüşleri, halkyň ýagty geljegi bilen bagly dahylly işlerde diňe päk ýürekden, arassa we halal zähmet çekmek örän uly bagtdyr. Ajaýyp zamanamyzda döredijilikli işlemäge, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşyp abraý gazanmaga, ilhalar ogul-gyzlary, kämil perzentleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmaga gönükdirilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagtyýar çagalaryň, ata-eneleriň hem-de ähli bilim-terbiýeçilik düzümleriniň agzybir işgärleriniň köňül alkyşlary egsilmezdir.

Ogulaman ORAZMYRADOWA,
Türkmengala etrap bilim bölüminiň Mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
turciya 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda wizasyz syýahat boýunça gepleşikler soňky tapgyrda: strategik hyzmatdaşlygyň täze ädimi

awaza taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Leýla we Arzu Aliýewalaryň Awaza sapary: Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy

Soňkylar Makalalar

Hemişelik Bitaraplyk – hoşniýetliligiň binýady

10.12.2025
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyz sebitde hem-de dünýäde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini ilerletmäge aýratyn ähmiýet berip, bu babatda möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Zenanlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk

10.12.2025
Ýurdumyz «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesine eýermek bilen, gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky hereketleri halkara

Dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine eýerip

10.12.2025
Ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly we netijeli gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgesiniň ähmiýeti iňňän uludyr. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi,
GitTop