Dark
Light
27.01.2026
dxwwbrpk1apsb1x1285ajqnkzro3jf 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Latwiýanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

08.12.2025

2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Girts Ýaunzemsiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ählitaraplaýyn ýardamy we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Latwiýa Respublikasynyň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bolan ymtylmasyny tassykladylar.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň zerurlygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi türkmen tarapyna mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Latwiýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

mugallymlar bilim maslahat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim işgärleriniň sözleýiş ussatlygyny kämilleşdirmekde öňdebaryjy usullar

020724 02 proekt THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk we Ynanyşmak: Türkmenistanyň Belent Ýörelgesi

Soňkylar Habar

GitTop