Dark
Light
08.01.2026
madass THE ASHGABAT TIMES

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi

18.12.2025

2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy Palatasynyň spikeri Nuriddin Ismoilow, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň başlygy U Wonsik, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majilisiniň başlygy Ýerlan Koşanow, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň başlygynyň orunbasary Aziz Giýozoda, Gyrgyz Respublikasynyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Duýşankul Çotonow we Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda parlamentara dialogy ösdürmek we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. Plenar we mowzuklaýyn mejlislerde jemgyýetçilik adalatlylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak we daşky gurşaw boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek ugurlarynda parlamentara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine garaldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygynyň Bilelikdäki Jarnamasy kabul edildi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

lacyn taganowa. gadymy alabay. 2023 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

AI däl: türkmen alabaýy nakgaş sungatynda

saglygy gorr THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Il saglygy – ýurt baýlygy

Soňkylar Habar

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

06.01.2026
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Size täze ýylda berk jan saglyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin. Mohammed VI,Marokkonyň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Size
GitTop