Dark
Light
24.01.2026
mot THE ASHGABAT TIMES

Meşhur estrada ýyldyzy – «Mot» lakamly rus aýdymçysy Aşgabatda

29.12.2025

Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly estrada aýdymçylarynyň konsertleri 28-nji dekabrda sungat äleminde «Mot» lakamy bilen meşhur bolan rus aýdymçysy Matweý Melnikowyň şowhunly aýdym-sazlary bilen dowam etdi. Aýdym-saz sungatynyň rep we hip-hop žanrlarynda döreden ajaýyp eserleri bilen meşhurlyga eýe bolan Matweý Melnikow türkmen sahnasynda ilkinji gezek çykyş etdi. Onuň konserti aýdym-saz muşdaklary üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. 

Maglumat hökmünde belläp geçsek, 1990-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Krasnodar ülkesinde doglan Matweý Melnikowy ene-atasy aýdym-saza çagalykdan höweslendiripdir. Olaryň tagallalary netijesinde ol dürli aýdym-saz gurnaklaryna gatnaýar. Umumy we ýokary okuw mekdeplerini tapawutlanan netijeler bilen üstünlikli tamamlamagy onuň ýokary zehinlidigini görkezýär. Zehiniň we aýdym-saza höwesiň birleşmegi bilen, ol sungatda uly meşhurlyga eýe bolýar.

Aýdymça şöhrat getiren «Soprano», «Solo», «Mama ýa w Dubaýe» aýdymlary tomaşaçylarda uly şowhun döretdi. «Kapkan», «Portret», «Peremeny — eto krasiwo» ýaly aýdymlar hem gyzgyn garşylandy. «Şarady» we «Sluçaýnosti ne sluçaýny» aýdymlary bolsa häzirki wagtda iň köp diňlenilýän halkara aýdym-saz sanawlarynda öňdäki orunlardadyr. Şeýle ajaýyp şüweleň agşamy oňa gelenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. 

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

arash THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Meşhur aýdymçy Araş türkmen sahnasynda ilkinji gezek konsert berdi

fut arkadag THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Arkadag» topary – Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop