Dark
Light
24.01.2026
telefonlar THE ASHGABAT TIMES

Öýjükli telefonyň bedene zyýanly täsirini azaltmak üçin maslahatlar

03.12.2025

Bu günki günde ykjam telefonlar durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi hasaplanýar diýsek hem ýalňyşmarys. Olar gyssagly habarlary hiç ýere gitmezden çalt ýetirmäge, ýakynda we uzakda ýaşaýan dogan-garyndaşlaryň, tanyşlaryň bilen yzygiderli habarlaşyp durmaga mümkinçilik berýär. Muňa garamazdan, el telefonlarynyň aşa köp we nädogry ulanylmagynyň saglyga zyýan ýetirip bilýändigi ylmy maglumatlar arkaly tassyklanandyr. Käbir düzgünler gyşarnyksyz berjaý edilende öýjükli telefonyň bedene zyýanly täsirini azaltmak mümkindir:

Ykjam telefonda bir gezekde 5 minutdan artyk gepleşmek maslahat berilmeýär.

Ulagda el telefonlaryny ulanmakdan saklanmalydyr. Çünki bu ýagdaýda metal korpusdan serpigip gaýdýan elektromagnit meýdanynyň täsiri has güýçli bolýar.

El telefonynda gürleşeniňde, ony gulakdan 2-3 santimetr uzaklykda saklamalydyr.

Ýatan halatyňyzda ykjam telefony azyndan 1 metr uzaklykda ýa-da başga bir ýerde goýmalydyr.

Göwreli zenanlara öýjükli telefonlary köp ulanmak maslahat berilmeýär. Aragatnaşygyň mümkinçiliginiň çäkli ýerlerinde — ýerzeminde, otluda, uçarda öýjükli telefon arkaly gepleşmekden saklanmalydyr.

Kiçi ýaşly çagalaryň öýjükli telefonlary ulanmagyna rugsat bermeli däldir. Çünki elektromagnit şöhlelenmesi ýaňy ösüp, kemala gelýän ýaş bedene zyýanly täsir edýär.

Ykjam telefonlaryň täsirini azaldýan azyk önümlerini iýmek maslahat berilýär. Şunda gök çaý şöhle kesellerine garşy güýçli täsir edijidir. Ol telefonda gürleşilende, telewizora tomaşa edilende ýüze çykýan ses tolkunynyň zyýanly täsirini azaldýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ps1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Suratda ilkinji gören haýwan şekiliňiz (psihologik test)

hazyna THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Taryhdaky iň uly deňiz hazynasy tapyldy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop