Dark
Light
02.02.2026
yapon as 1 THE ASHGABAT TIMES

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

20.12.2025

Tokioda geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiçi bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzy syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk däpleriniň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, özara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, ykdysady ulgamlarda alnyp barylýan bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň zerurdygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýapon işewürliginiň, maliýe institutlarynyň, ugurdaş agentlikleriň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşýan goşandyny belläp, täze önümçilikleri döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi tizleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygyna ünsi çekdi. Şeýle-de türkmen tarapynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, wodorod tehnologiýalary ýaly «ýaşyl» geçiş bilen bagly ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Ylym-bilim, medeniýet, ýaşlar, sport ulgamlary hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ma yaponiya THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze sahypasy

271223 44 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÝAŞLAR – KÄMILLIK ÝOLUNDA

Soňkylar Habar

BIChO + BIMO: Buharadan 46 medal!

01.02.2026
Türkmen talyplary şu ýylyň 25 ― 29-njy ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda (BIMO ― 2026) hem-de Halkara himiýa olimpiadasynda
GitTop