Dark
Light
24.01.2026
dis taze THE ASHGABAT TIMES

Sadap dişleriňiz saglyk eçilsin!

08.12.2025

Her bir adam, ilki bilen, öz saglygy barada alada etmelidir, arassaçylyk endiklerini durmuşyna ornaşdyrmalydyr. Bedeniniň ähli agzalary bilen bir hatarda, dişleriniň sagdynlygyny hem goramalydyr. Kähalatlarda diş agyrysyndan, diş syrçasynyň garalmagyndan, dişleriň çüýremeginden, agyz boşlugynyň, kentlewügiň ýygy-ýygydan sowuklamasyndan ejir çekýän adamlara gabat gelinýär. Dişleriň ýagdaýyna gözegçilik edip durmak we diş petini öz wagtyda aýyrmak diş çüýremeginiň, diş daşlarynyň, şeýle-de parodontit we diş etleriniň ganamagy ýaly näsazlyklaryň öňüni almalydyr.

Adaty ýagdaýda dişler ýuka gorag perdesi bilen örtülen bolýar. Oňa dürli mikroblary we mikrobedenjikleri özünde saklaýan diş peti ýelmeşip, diş çüýremegi we beýleki keseller üçin sebäp döredýär. Agyz boşlugyndaky tüýkülikde hem mineral maddalar bolup, olaryň diş peti bilen birleşmesinden diş daşy döreýär. Bu bolsa gan aýlanyşygynyň bozulmagyna getirip bilýär, şeýlelikde, köp sanly diş etleriniň kesellerine, dişleriň zaýalanmagyna we dökülmegine sebäp bolýar.

Diş çotgasy we pastasy diş petine garşy göreşmekde doly netijeli bolmaýar, diş daşy bolsa, hökman lukman tarapyndan arassalanylmalydyr. Diş lukmany diş etlerini bejermäge, diş syrçasyna tebigy reňk bermäge, diş çüýremeginiň öňüni almaga ýardam eder. Hünärmen diş arassalamagyň usullaryny we agyz boşlugyny arassalaýjy serişdeleri dogry saýlamagy maslahat berer.

Agyz boşlugynda döreýän keselleriň ýene biri stomatit bolup, ol dürli hili ýüze çykyp bilýär. Köplenç ýagdaýda agyz boşlugynyň dürli ýerinde, dilde, bokurdakda gyzaryp, uçuk ýaly ýarajyklar döreýär. Stomatit, köplenç, çagalarda duş gelýär, ol allergiýa, ýokanç ýada başga keselleriň netijesinde döreýär. Kiçi ýaşly çagalarda stomatit süýt dişleriniň çykýan wagty hem döräp bilýär. Ulurak ýaşly çagalarda bolsa, stomatit çigidiň ýa-da miweleriň daşky gabygynyň agyz boşlugynda galyp, ýarajyk döretmeginiň netijesinde ýüze çykýar.

Saglyk baradaky alada her birimiz üçin gündelik durmuşda keselleriň öňüni almak, bedeni taplamak, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrmak, arassaçylyk çärelerini berk berjaý etmek ýaly çäreler bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr.

Ruslan NOWBATOW,
Lebap welaýatynyň Stomotologiýa merkeziniň şahamçasynyň diş lukmany.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

gok onumler THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gök otlaryň saglyga peýdasy

asgabat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop