Dark
Light
02.02.2026
ykdysady maksat THE ASHGABAT TIMES

Sanly ykdysadyýet: döwrebaplyk, millilik, ösüş

21.12.2025

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmekde toplumlaýyn özgertmeler ýaýbaňlandyrylyp, täze çemeleşmeler ylmy esasda işlenip düzülýär we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary döwrüň talaplaryna laýyklykda önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler oňyn netijeleri berýär.

Milli Liderimiz: «Biziň ähli ösüşlerimiz dünýäniň tehnologik özgertmeleri bilen utgaşykly dowam etmelidir. Aýratyn hem, hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim we ylmy mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak babatda öňe sürýän garaýyşlary, kabul edýän çözgütleri netijesinde durmuşymyz barha gözelleşmelidir. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty, tebigy baýlyklary, adam mümkinçilikleri bu maksada ýetmäge gönükdirilendir» diýip belleýär.

Ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertidir. Şundan ugur alyp, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» esasy maksady sanly infrastrukturany ösdürmekden, döwlet edaralarynyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň netijeli ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden, öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryny dolanyşyga we kanunçylyga ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Konsepsiýada halkara standartlara, milli bähbitlere laýyklykda, sanly ykdysadyýet babatda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, elektron hökümet ulgamyny, sanly bilim we ylym ulgamyny, sanly lukmançylygy, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, maglumat geçiriş torlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar.

Ähli ugurlarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we halk hojalygynyň pudaklaryna döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bular bolsa, öz gezeginde, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň örän ýokarydygyny aýdyň görkezýär. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berip, durnukly ykdysady ösüşiň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Öwezgeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

213142422132424 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabatda “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” bagyşlanan ýubileý sylaglarynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi

bbb 2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar

Soňkylar Makalalar

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky

Çagalar baglarynda nesil terbiýesi

31.01.2026
Nesil terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.
GitTop