Dark
Light
09.01.2026
e09cc6593e29ea29fe72c16a3551a10c 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Tebigaty goramak — Sagdyn geljegiň binyady

12.12.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak bilen bagly döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Tebigaty we daşky gurşawy goramak hakyndaky hukuk namalaryň hereket etmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk esasyny berkitýär.

«Altyn Asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, ýylyň ýylyna geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri, şäher we oba ýerlerinde “ýaşyl zolaklaryň” giňeldilmegi — howanyň arassalygyny saklamaga, ýer-suw serişdelerini goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň subutnamalarydyr. Bu işler diňe bir häzirki döwre däl, eýsem geljekki nesiller üçin hem arassa we abadan durmuşyň binýadyny döredýär

Tebigat — adamzadyň ýaşaýyş çeşmesi. Suwy tygşytly ulanmak, daş-töwerege zibil taşlamazlyk, agaç ekmek ýaly ýönekeý hereketleriň her biriniň uly ähmiýete eýe bolýandygyny her bir raýat duýmaly. Tebigata aýawly çemeleşmek, ýaşyl dünýäni geljek nesillere miras goýmak biziň mukaddes borjumyzdyr.

Ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler diňe bir ekologik howpsuzlygy üpjün etmek bilen çäklenmän, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadyny döredýär. Arassa tebigat, ýaşyl zolaklar, tygşytly ýer-suw serişdeleri — bularyň hemmesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň aýrylmaz bölegidir.

Zekeriýa ETREKOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

snimok 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we BMG-niň baýdagy belende galdyryldy

1765524495143316237 1000 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň
GitTop