Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölüminiň ýaş we zehinli wekili Kristina Bersenyowa halkara sport giňişliginde buýsançly üstünlik gazandy. Ol 2025-nji ýylda Tailand Patyşalygynda geçirilen Günorta-Gündogar Aziýa oýunlarynyň (SEA Games 2025) çäklerinde futbol boýunça zenanlar ýygyndy toparlarynyň duşuşygynda kömekçi emin hökmünde çykyş etdi.

Kristina Bersenyowa Wýetnam bilen Filippin döwletleriniň zenanlar ýygyndy toparlarynyň arasyndaky resmi duşuşykda FIFA emin eşiginde meýdana çykyp, halkara derejesindäki eminlik borçlaryny ýokary derejede ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy eminleriň kämilleşdirilmegine, aýratyn-da zenan eminleriň ösüşine uly ähmiýet berýär. Eminler bölümi ýaş zehinleri saýlap, halkara ölçeglere laýyklykda taýýarlamak bilen bir hatarda, zenanlaryň sportda we futbolda öňe çykmagyna goldaw berýär.
Kristina Bersenyowanyň halkara arenada çykyş etmegi diňe bir şahsy üstünlik däl, eýsem Türkmenistanyň sport diplomatiýasynyň we zenanlaryň jemgyýetçilik işjeňliginiň ösüşiniň aýdyň mysaly hökmünde kabul edilýär.
Bu waka ýurdumyzyň futbol ulgamynda halkara derejesindäki ynamyň artýandygyny, türkmen zenanlarynyň sportda hem üstünlikli wekilçilik edip bilýändigini görkezýär.