Dark
Light
02.02.2026
ulag transport THE ASHGABAT TIMES

Ulag hyzmatdaşlygy – ösüşiň hereketlendiriji güýji

20.12.2025

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça öňe süren başlangyçlary we teklipleri netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan alty sany Kararnama kabul edildi. Ýurdumyzyň ulag syýasatyny we bu ugurdaky tagallalary dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň goldaýandygyny tassyklaýan bu resminamalar halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmaga hyzmat edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň täze belentliklere tarap ilerlemeginde halk hojalygynyň beýleki birnäçe pudaklarynda bolşy ýaly, ulag ulgamynda, şol sanda demir ýol pudagynda hem uly işler amala aşyrylýar. Birnäçe demir ýol şahalarynyň, ulag geçelgeleriniň gurluşyklarynyň tamamlanmagy bilen, häzirki döwürde-de birnäçe ýerlerde demir ýol gurluşygy alnyp barylýar we ykdysady maksatnama laýyklykda, ýakyn ýyllarda hem birnäçe demir ýol şahalarynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Ulag ulgamynyň işini dolandyrmakda hemişelik desgalaryň hatarynda ýol desgalary (demir ýoly, awtomobil ýoly, emeli desgalar we başgalar) aýratyn orna eýedir. Ulag ulgamynyň esasy borjy halk hojalygynyň we ilatyň ýük daşamakdaky we ýolagçy gatnatmakdaky zerurlyklaryny öz wagtynda, ýokary hilde we doly kanagatlandyrmak, ulag işiniň hilini we ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşdyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň sebitiň hem-de halkara ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagy, ulag-logistika merkezleriniň işiniň netijeli guralmagy, ozaly bilen, kämil hünärmenlere baglydyr. Şunda biziň Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzda bu ugur boýunça ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy bellärliklidir. Munuň üçin biz – talyp ýaşlar Diýarymyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän halkara howa menzillerinde, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda, döwrebap awtoulag we demir ýol kärhanalarynda önümçilik tejribeliklerini geçip, bilimlerimizi artdyrýarys.

Şirmyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yaslar 25 new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaşlar – döwletiň we dünýäniň geljegi

cempi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Boksuň Türkmenistandaky taryhynda dünýä çempionatynyň ilkinji medaly gazanyldy

Soňkylar Makalalar

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky

Çagalar baglarynda nesil terbiýesi

31.01.2026
Nesil terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.
GitTop