Ýaponiýanyň Tokio uniwersitetiniň hünärmeni we «Gulpediýa» bileleşiginiň esaslandyryjysy Tokunaga Ýuki Türkmen döwlet medeniýet institutynda myhmançylykda bolup, talyplar üçin «Ýapon senetçiliginiň taryhy» atly okuw sapagyny geçirdi. Medeniýeti öwreniji bilermen hökmünde tanalýan Tokunaga Ýuki senetçilik, medeni alyş-çalyş we maddy däl medeni mirasy gorap saklamak ugrundaky ylmy-barlaglary, şeýle hem ýitip barýan nusgalary dikeltmek baradaky başlangyçlary bilen dünýäniň dürli künjeklerinde uly meşhurlyk gazanýar.
Geçirilen okuw sapagynyň dowamynda ýapon hünärmeni ýaşlar bilen açyk söhbetdeşlik gurap, olaryň dünýä medeniýetine bolan gyzyklanmalaryna we bilim derejesine ýokary baha berdi. Şol bir wagtyň özünde, myhman institutyň «Miras» folklor-tans toparynyň çykyşlaryna hem-de türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny açyp görkezýän halk oýunlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi.
Tokunaga Ýuki okuw laboratoriýalarynda bolup, medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň amaly işleri bilen ýakyndan tanyşdy. Esasanam, taryhy ýadygärlikleriň nusgalaryna we milli sungat eserlerine bagyşlanan sergiler myhmanda aýratyn täsir galdyrdy. Bu duşuşyk iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň we tejribe alyşmalaryň has-da berkemegine ýardam etdi.