Dark
Light
24.01.2026
yaslar taz kollaz 25 THE ASHGABAT TIMES

Ýaş nesiller – döwletimiziň kuwwatly güýji

29.12.2025

Täze taryhy döwrümizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesillere örän ýokary ynam bildirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip bellemegi ýaşlaryň ýurdumyzyň egsilmez kuwwatydygyny, abraý-mertebesidigini, nurana geljegidigini aýdyň görkezýär.

Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan kämil durmuş ýörelgelerini, zähmetsöýerligini ykbalynyň bezegine öwren bilimli, ylymly, hünärli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň naýbaşy ugurlarynyň biridir. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem şeýle buýsançly hakykaty tassyklaýan wakalara baý boldy.

Eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny belende galdyrýan ýaşlarymyzyň ýokary döwlet derejesinde sarpalanmagy bizi has-da buýsandyrýar. Şu jähetden, ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bilimde we sportda tapawutlanan ýaşlaryň sylaglanylmagy döwletimiziň ýaşlar baradaky aladasynyň berk binýatlydygyny aýdyň görkezdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna we talyplara, olaryň halypa mugallymlaryna, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.

Beýik tutumlary, taryhy wakalary bilen şöhratly taryhymyzda mynasyp orun alan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaş nesliň nurana geljeginiň binýadyny berkiden şunuň ýaly döwletli tutumlar barmak büküp sanardan örän köpdür. Biz — ýaşlaryň buýsanjyny goşalandyrýan hakykat bolsa şol döwletli tutumlaryň täze, 2026-njy ýylda gazanyljak üstünlikleriň, ýetiljek belent sepgitleriň gözbaşy bolup durýanlygydyr. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bedew yyly THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýyllar ýyllardan zyýada

arash THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Meşhur aýdymçy Araş türkmen sahnasynda ilkinji gezek konsert berdi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop