Dark
Light
06.02.2026
bilim 2024 THE ASHGABAT TIMES

Ylym-bilim edaralaryny dolandyrmakda milli we dünýä tejribeleriniň sazlaşygy

06.12.2025

Global ösüşiň häzirki döwründe ylym-bilim ulgamy döwletleriň ösüş strategiýalarynyň iň möhüm diregleriniň biridir. Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň tejribesi bilim ulgamyny dolandyrmakda täzeçe, sanlylaşdyrylan hem-de jemgyýetiň talaplaryna görä yzygiderli kämilleşdirilen ýörelgeleriň ulanylmalydygyny görkezýär. Şeýle-de her ýurduň milli ýörelgeleri, medeniýeti we taryhy ösüşi bilim syýasatynyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin ylym-bilim edaralaryny dolandyrmakda milli ýörelgeler bilen dünýä tejribeleriniň sazlaşdyrylmagy döwrüň möhüm talaplarynyň biridir.

Türkmenistanyň bilim ulgamy milli ýörelgelere, taryhy tejribä we jemgyýetiň mümkinçiliklerine daýanýar. Milli dolandyrylyşyň aýratyn taraplary milli maksatnamalardan ybaratdyr. Bilim edaralary döwlet derejesinde kabul edilýän maksatnamalara we milli konsepsiýalara laýyklykda dolandyrylýar. Bu usul birmeňzeşligi üpjün edýär, milli gymmatlyklaryň berkidilmegine ýardam edýär, jemgyýetiň talaplaryna laýyk ugur kesgitleýär.

Mundan başga-da, elektron maglumat bazalary, sanly deňleşdirme ulgamlary, ýokary derejeli maglumat seljermeleri bilim edaralarynyň işini tiz we takyk dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Dünýä tejribesinde bilim edaralary halkara akreditasiýalara, synag bahalaryna we halkara ölçeglere laýyklykda işe taýýarlanýar. Hünärmen taýýarlamakda önümçilik bilen hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ulgamy giňden ulanylýar. Bu tejribe ýaşlaryň iş tejribesini güýçlendirýär.

Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmekde milli ýörelgeleri we dünýä tejribesini utgaşdyrmak boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Şunda milli aýratynlyklary saklap dünýäde bäsdeşlige ukyply bolmak möhüm şertdir. Bilimiň üsti bilen milli gymmatlyklar berjaý edilýär, şol bir wagtda halkara standartlar hem girizilýär. Şeýle utgaşyk talyplaryň halkara bäsdeşligine taýýar bolmagyna, milli medeniýeti saklamaga, bilim hiliniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Türkmenistanyň sanly bilim ulgamy dünýä tehnologiýalaryna laýyklykda ösdürilýär, emma mazmun milli dilde we milli aýratynlyklar esasynda berilýär. Dürli ýurtlar bilen tejribe alyşmak, daşary ýurtlarda okuw geçmek, halkara konferensiýalara gatnaşmak pedagoglaryň hünär derejesini ýokarlandyrýar. Ýokary okuw jaýlary we ylmy institutlar dünýäniň abraýly merkezleri bilen hyzmatdaşlyk edýärler.

Jemläp aýdanyňda, ylym-bilim edaralaryny dolandyrmakda milli we dünýä tejribeleriniň sazlaşdyrylmagy häzirki zaman ykdysadyýetiniň, jemgyýetiniň we ylmyň ösüşiniň möhüm şertidir. Milli ýörelgeleriň dowam etdirilmegi halkyň medeni mirasyny gorap saklasa, dünýä tejribeleriniň ornaşdyrylmagy bilimiň hilini ýokarlandyrýar, täze tehnologiýalar bilen utgaşykly işlemek üçin mümkinçilik döredýär. Bu iki ugruň sazlaşykly utgaşdyrylmagy ýurdüň ösüşiniň durnuklylygyny üpjün edýär we ösüşiň täze basgançaklaryna çykmaga mümkinçilik berýär.

Ogulmaýsa ATDYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak okuwynyň Ylym we bilim işlerini dolandyrmak ugrunyň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

6c7a9153 resized THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Maksut Narikbaýew uniwersiteti bilen tanyşlyk pursatlary (foto)

koneurgenc THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Horezm» sözüniň manysy

Soňkylar Makalalar

Mekdep ylym ojagydyr

05.02.2026
Mekdep adamzat paýhasynyň kemala gelýän mukaddes ojagydyr. Şol sebäpli hem halkymyzda «Mekdep — ylym ojagy» diýen dana jümle döräpdir. Elbetde, ylym öwrenmek adamyň ömrüniň

Okuw sapaklarynda dostluk terbiýesi

04.02.2026
Bilim ojaklary diňe bir ylym berilýän ýer bolman, eýsem, ýaş nesliň ahlak sypatlarynyň, şol sanda dostluk we doganlyk duýgularynyň kemala gelýän mukaddes mekanydyr. Sapak

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

03.02.2026
«Iňlis dilini nädip öwrenip bolarka? Hiç başyna baryp bilemok» ýa-da «Iňlis dilini öwrenmegiň ýeňiljek usuly ýokmuka? Haýsy kitaby okasam, nähili tertipde taýýarlyk görsem, iňlis

Aladamyz körpe nesil

02.02.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.
GitTop