Dark
Light
02.02.2026
bilim mekdep THE ASHGABAT TIMES

Ylym-bilim – iň gymmatly baýlyk

21.12.2025

Häzirki wagtda milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil we mazmun taýdan täze derejä çykarmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýmek bilen, ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmegiň, ýaş nesillere döwrebap bilim, terbiýe bermegiň zerurdygyny yzygiderli nygtaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär. Şunda Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» aýratyn bellemek bolar. Bu möhüm resminamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasynda bolsa göz öňünde tutulýan anyk işler görkezilendir. Munuň özi ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň durnukly ykdysady ösüşiň wajyp şertidigini aýdyň görkezýär.

Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga we tejribede synap görmäge ýaşlaryň köpçülikleýin çekilmegi işleri has ilerledýär. Döwlet derejesinde hem-de ondan daşary matematika, himiýa, informatika, dil ugry, tebigy we ynsanperwer ylymlary babatda halkara bäsleşikler geçirilýär. Olara zehinli ýaşlarymyz gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýadyň döredilendiginiň subudydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesillere uly ynam bildirýär. Şol beýik ynamy ödemek biziň her birimiziň borjumyz bolup durýar. Ajaýyp döwrümizde biz ― ýaşlara  ähli giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Şirmyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bbb 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar

gc71qkco saudi araba THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Saud Arabystanynyň demirgazygynda seýrek duş gelýän gar ýagdy: Tebigy hadysa sebitde gyzyklanma döretdi

Soňkylar Makalalar

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky

Çagalar baglarynda nesil terbiýesi

31.01.2026
Nesil terbiýesi asyrlarboýy halkymyzyň durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bir bölegi bolupdyr. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bu ugra aýratyn üns berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem

Ýylyň şygary – nesilleriň köňül çyragy

30.01.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz bedew bady bilen uly üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikleri ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynda görmek bizi guwandyrýar.

Bilimli ýaşlar – Watanyň abraýy

29.01.2026
Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär.
GitTop