Dark
Light
09.01.2026
zenanlar f THE ASHGABAT TIMES

Zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda

10.12.2025

Zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmek, şeýle hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan döwletimiziň bu ugurdaky hereketleri halkara derejede giň goldaw tapýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat munuň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüler.

Bu forum zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekip, olaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň, milli we halkara derejede syýasy çözgütleri kabul etmek işine işjeň gatnaşmaklarynyň durnukly ösýän jemgyýeti kemala getirmek üçin esasy şertleriň biridigini aýdyň görkezer. Şoňa görä-de, halkara maslahata degişli düzümler tarapyndan ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmegi forumyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Halkara maslahat bilen ugurdaşlykda köpugurly sergi hem guralýar. Giň möçberli sergide zenanlaryň jemgyýetiň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşýandygy bilen baglanyşykly görkezijiler öz beýanyny tapýar. Forumyň geçirilýän ýerinde döredilen şertleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi bolsa halkara çäräniň ýokary guramaçylygyny üpjün etmekde ähmiýetlidir. Ýeri gelende, ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinden birnäçe daşary ýurt dillerini bilýän talyp gyzlaryň giň möçberli sergide degişli pawilýonlara wekilçilik edýändiklerini bellemek gerek. Şeýle hem meýletinçi we ýaş wagyzçy talyp ýaşlar hem gatnaşyp, bu forumyň ýokary guramaçylykly geçirilmegine möhüm goşant goşýarlar.

Umuman, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat Türkmenistan döwletimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde, zenanlaryň hukuklaryny giňeltmekde we bu ugurda halkara guramalar bilen çagalaryň inklýuziw ösüşi babatda gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde möhüm meýdança bolup hyzmat eder.

Jennet MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

adam hukuk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara Adam hukuklary güni

bitaraplyk taze taze THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk we ynanyşmak – döwrüň hakykaty

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň
GitTop