Dark
Light
24.01.2026
ayurweda THE ASHGABAT TIMES

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026

21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça sekretary Sibi Jorj, dostlukly döwletiň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekilleri hem-de ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Aýurweda okuw otagy uniwersitetiň sport merkeziniň binýadynda açyldy. aýurweda Hindistanda asyrlaryň dowamynda ulanylyp gelinýän, däp bolan lukmançylyk ulgamydyr. Dünýäde iň gadymy bejerijilik toplumy bolan aýurwedanyň adam bedeniniň, pikirlenişiniň we ruhy dünýäsiniň arasynda bitewi sazlaşygy emele getirmekde, netijede, umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda ähmiýeti uludyr. Aýurwedada bu sazlaşyk tebigy serişdeleriň, kadaly iýmitlenişiň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, ýoga maşklarynyň we dermanlyk ösümlikleriň esasynda gazanylýar. Şeýle hem ol adam bedenini zyýanly maddalardan we möwsümleýin kesellerden saplamaga, özüňi ruhubelent, ynamly alyp barmaga ýardam edýär. Bu aýratynlyklar uzak we sagdyn ömrüň baş şerti bolup durýar. “Aýurweda” sözüniň özi hem “durmuş bilimi” ýa-da “uzak ömür baradaky ylym” diýmegi aňladýar.

Aýurweda lukmançylygynyň adam saglygyna ägirt uly peýdaly taraplaryny we gadymdan gelýän däplerini dünýäde giňden wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, Hindistan Respublikasy daşary döwletler bilen hyzmatdaşlykda dürli çäreleri geçirýär. Şeýle çäreler ýurdumyzda hem yzygiderli häsiýete eýedir. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň birnäçe hünär ugurlarynda adaty hindi lukmançylygy boýunça okuw sapaklary geçirilýär. Şeýle sapaklara aýurweda boýunça hindistanly bilermenler hem yzygiderli gatnaşýarlar.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

Чемпионат мира
Öňki taryh

Futbol boýunça Dünýä Çempionaty ABŞ-a gaýdyp gelýär – 2026-njy ýyl taryhy bolar diýip garaşylýar

hindi a THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.
GitTop