Dark
Light
24.01.2026
dermanlyk saglyk 17 25 THE ASHGABAT TIMES

Dermanlyk ösümlikler – gymmatly hazyna

19.01.2026

Türkmen tebigatynda dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň ýüzlerçesi bar. Jana şypa howaly tebigatymyz dermanlyk ösümliklere juda baý. Owadan hem tämiz tebigatymyzda ösýän dermanlyk ösümlikler ynsan saglygyny bejermekde uly ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin türkmen tebigatyny gorap saklamak ählimiziň borjumyzdyr. Ynsan saglygy üçin ýaşaýan ýerindäki daşky gurşawyň, durmuş şertleriniň ýagdaýy wajyp ähmiýete eýedir.

Bu ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada giňden maglumat berýän Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopediki işi lukmanlar we halk köpçüligi üçin gymmatly we uly ähmiýetli ylmy çeşmelerdir. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren  «Türkmenistan — melhemler mekany»,  «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» we beýleki dürdäne eserleri diňe ýokary çeperçilik derejesi boýunça tapawutlanman, eýsem, halkymyzyň saglygyny berkitmekde we goramakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr.

2025-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň çap edilmegi halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyz bu köpýyllyk düýpli ylmy işiniň täze jildinde türkmen topragynda ösýän jana tenekar dermanlyk ösümlikleriň 107-si barada giňişleýin we anyk-aýdyň maglumatlary islendik okyja düşnükli dilde beýan edýär.

Türkmenistanyň melhemlik, tenekar ösümlikleriniň etnobotaniki we etnolukmançylyk häsiýetlerini beýan edýän bu gymmatly, düýpli ylmy-ensiklopedik kitabyň XVII jildi alym Arkadagymyzyň halkyň saglygy, ruhubelentligi, bagtyýar ýaşaýşy baradaky yzygiderli aladalarynyň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan uly möçberli işleriniň biridir. Ol lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösüşine ýene-de bir düýpli goşantdyr.

Milli Liderimiziň bu kitabynda adamlaryň saglygyna oňat täsir edýän tebigy çeşmeleriň hiç haçan gymmaty egsilmejek hazynadygy nygtalýar. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz elmydama adam bilen tebigatyň sazlaşygynyň dowamat-dowam bolmagyny ündeýär. Lukman Arkadagymyzyň türkmen tebigatynyň jana tenekar ösümlikleriniň kesel bejerijilik häsiýetlerini ylmy esasda açyp görkezmegi dünýä lukmançylyk ylmynda täze, düýpli tejribedir. Şeýle ajaýyp, gymmatly eserleriň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.

Baýramgeldi BEÝIKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-­gurluşyk institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ykdysady halk new 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Giň gerimli özgertmeler – täze sepgitlere badalga

76c23b0b 1f94 4a8a 8b4d a20591c08bbd THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arkadag – Al Nasr futbol duşuşygynyň biletleri nirden alyp bolar?

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop