Parahatçylygy döretmek sungatyny Bitaraplykda görýän halkymyzyň şöhratly taryhyna ser salanyňda, hemişe-de asuda ýaşaýşy goldaýan döwletli ýörelgä berk eýerendiklerini görmek bolýar. Bu arzyly ýörelge häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna doly ornaşmak bilen, halkymyzyň esasy maksadyna öwrüldi. Ýurdumyzyň öňe sürýän döwletli başlangyçlary, bitaraplyk ýörelgesiniň täze mazmuny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly gymmatly kitabynda öz beýanyny tapýar.
Bu kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen dünýädäki ýeke-täk döwlet hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhy köklerine nazar aýlanyp, onda Bitaraplyk, ata-babalarymyzyň adamzadyň medeni ösüşine goşan saldamly goşandy, guran we dünýä ýaň salan döwletleri, türkmenleriň parahatçylyk söýüjiligi, belent ynsanperwer ideýalary dünýä ýaýandygy, parasatly ýörelgelerimiziň halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky sazlaşygy dolulygyna açylyp görkezilýär.
Kitabyň ilkinji sahypalarynda Bitaraplygyň taryhy köklerine nazar aýlanyp, bu ýörelgäniň diňe bir XX asyryň soňlarynda halkymyzyň durmuşynda tarpa-taýyn ýüze çykan düşünje däl-de, eýsem, bäş müň ýyllyk taryhymyzyň dowamynda türkmenleriň guran şöhratly döwletleriniň dolandyrylyşynda hem esasy orunda durýan ýörelgedigi aýratyn nygtalýar. Çünki Bitaraplygyň özeni parahatçylykly ýaşaýyşdadyr.
Kitapda beýan edilýän gymmatly maglumatlardan ugur alsak, Bitaraplygyň geçmişi, şu güni we geljegi birikdirýän altyn köprüdigine magat göz ýetirmek bolýar. Dünýä döwletlerine uzaýan bu köpri halklary dost-doganlyga, parahatçylyga, ynanyşmaga, agzybirlige, ynsanperwerlige, bagtyýarlyga… çagyrýar. Şeýlelikde, Bitaraplygyň türkmen nusgasy kemala gelýär.
Orazgül ATAGARAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy hünäriniň talyby.