Dark
Light
24.01.2026
emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES

Ýylyň şygary terbiýeçilik işlerinde

21.01.2026

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň ajaýyp şygary ähli ugurlaryň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Bilim-terbiýeçilik düzümlerinde hem şanly ýylyň şygaryndan ugur alyp, usulyýet-guramaçylyk ugurly çärelere işjeň girişildi. Ýylyň şygaryndan ruhlanyp, Mary welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda  hem öňde maksat edinilen okuw-terbiýeçilik işleri, göz öňünde tutulýan usulyýet ugurly çäreler barada bilim işgärleri şeýle belleýär.

Merjen TÄÇMYRADOWA,
Baýramaly şäher bilim bölüminiň hünärmeni:

― Her ýylda däp bolşy ýaly, bu ýylyň hem ruhlandyryjy şygaryndan ugur alyp bilim özgertemeleriniň ösüşlerine goşant goşmak, milli watançylygy dabaralandyrmak, bilim işgärleriniň syýasy sowatlylygyny ösdürmek, ýaş nesilleriň milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyny artdyrmak ugrunda Baýramaly şäheriniň çägindäki çagalar bakja-baglarynda toplumlaýyn okuw-terbiýeçilik işleri meýilnamalaýyn esasda geçiriler. Şol sanda dürli usuly-maslahatlarda, halypa-şägritlik gatnaşyklarynda, öňdebaryjy iş tejribeleriň öwrenilmeginde, bezeg işlerinde we beýleki guramaçylyk çärelerinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bedew batly ösüşleri wagyz ediler. Bedew atlaryň mekany bolan ýurdumyzyň üstünliklerini ýaş nesillere pedagogik taýdan dogry düşündirmegiň, milli gymmatlyklarymyzy ündemegiň terbiýeçilik tärleri we häzirki zaman usullary işjeň özleşdiriler. Ýylyň dowamynda geçiriljek medeni-köpçülik çärelere, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmak bilen pedagogik işgärleriň syýasy sowatlylygy ösdüriler, olar dürli ýerlerde çykyş etmek bilen bedew batly ösüşlerimizi, nesil terbiýesinde gazynylýan üstünlikleri wagyz ederler.

Aknabat ÇARYÝEWA,
Tagtabazar etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:

― Çagalary türkmeniň iň asylly ýörelgelerine mahsus häsiýetde terbiýelemekde, ilhalar, watançy, zähmetsöýer, bilimli edip ýetişdirmekde bakja-baglaryna uly orun degişlidir. Şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralary pedagogikanyň usuly talaplaryna laýyklykda guramaçylykly iş alyp barmak bilen aň we beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge goşant goşýar. Şunda döwrüň täsiriniň uly orna eýe bolşy ýaly, ýylyň wakalarynyň, ýylyň her bir pursatynyň hem täsiri uludyr. Bu ýylda bolsa öz şygaryna mahsus ösüşler, watançylyk joşguny ähli ýerleri gurşap aldy. Şol sanda biz hem bakja-bagymyzda ähli toparlarda bilim işgärleri we çagalar bolup, ýylyň täze üstünliklerine sary gadam basýarys. Hojalyk müdiri Aman Rahmanowyň ýolbaşçylygynda ähli enjamçy işgärlerimiz, terbiýeçi-usulyýetçi Aýnabat Allanazarowanyň usuly işleri alyp barmagynda okuw-terbiýeçilik çärelerimiz bu ýylda hem netijeleri bilen ähli ene-atalary tüýs ýürekden begendirer.

Sona JUMAÝEWA,
Garagum etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi:

― 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagyndan başlap çagalara ýylymyzyň şygarynyň mazmuny düşündirilýär. Olara ýylyň nyşanyndaky bedew atyň şekiliniň, Türkmenistanyň kartasynyň we milli haly gölleriniň, zeýtun baldajylarynyň görnüşleriniň mysalynda çagalarda watançylyk duýgusy ösdürilýär. Biz hem çagalar bakja-bagymyzda geçiriljek bäsleşiklerde, säherliklerde, göreldeli sapaklarda, gyzyklanma çärelerinde, gezelençlerde we gün tertibiniň beýleki pursatlarynda döwrümiziň ösüşleri, ýylyň taryhy wakalary hakynda gyzykly gürrüňler ediler, çeper döredijilik çykyşlarynda, çagalaryň çeken suratlarynda, terbiýeçileriň taýýarlaýan okuw-görkezme esbaplarynyň mazmunynda beýan etmegi maksat edinýäris. Çagalar sözleýşini ösdürmek, aýdym-saz, surat sapaklarynda çagalar ýylymyzyň şygaryny we mazmunyny wasp ederler. Munuň özi bu ýylda täze zehinleriň hem ýüze çykmagyna, çagalaryň hünäre bolan höwesleriniň artmagyna hem täsir eder.

Bägül MÄMMEDOWA,
Türkmengala etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi:

― Mekdebe çenli ýaşly çagalary terbiýelemek işinde döwrümiziň ösüşlerinden ugur alynýar Çünki ýaş nesilleri milli ruhda döwrebap ösdürip ýetişdirmekde döwrüň täzelikleri öňde möhüm wezipeleri goýýar. Biz ― terbiýeçiler körpeleriň duýgularyny ösdürmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak, göwnaçma çäreleri we gezelençleri guramak we beýleki gün pusatlarynda asuda ýurdumyza buýsanç döredýäris. Olar zähmet işi, syn etmek, oýun oýnamak, bäsleşmek, çykyş etmek arkaly erkana durmuşyň, bagtyýar çagalygyň lezzetini duýýarlar. Terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, körpeleriň ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak babatda öňde goýlan maksatlaryň myradyna ýetmegi üçin zehinlerimizi, ukyp-başarnyklarymyzy we tejribelerimizi mundan beýläkde artdyrmaga taýýardyrys. Çünki bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, pedagogik ussatlygyna eýe bolmakda ähli usuly çäreler netijeli geçirilýär.

***

Mary welaýatynyň käbir bilim işgärleriniň çykyşlarynda hem görnüşi ýaly, döwrümize buýsanç, şanly wakalara we ýylyň şygarynyň ruhlandyryjy mazmunyna guwanç duýgulary hünär babatda hem kämilleşmek bilen baglanyşdyrylýar. Çünki döwrüň ösüşlerine, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň nesillerine bilim-terbiýe bermek işine yhlas bilen çemeleşilýär. Diýmek, bu ýylda hem  mekdebe çenli bilim-terbiýe babatda hem täze menzillere ýetilip, ýüzlerçe körpeler ak mekdebe gadam basar, ençeme çagalar bakja-baglarynda terbiýelenmäge kabul ediler. Nesilleriň röwşen geljegi hakynda uly aladalary durmuşa geçirip, ýyllar saýyn iş tejribeleri artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza welaýatymyzyň ähli bilim-terbiýeçilik işgärleriniň, körpeleriň we ata-eneleriň köňül alkyşlary egsilmezdir.

Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

image 9 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, täze döwrüň akylly inženerleriniň mekany

emblema 2026 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedew bady bilen belent maksatlara tarap!

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop