Ozallar medisinada «katgut» diýlip atlandyrylýan tikin ýüpi haýwanlaryň içegelerinden taýýarlanypdyr.
Ol, esasan, goýunlaryň, käwagtlar bolsa doňuzlaryň içegelerinden alnan kollagenden öndürilipdir. Bu tikinler bedende öz-özünden eräp gidýändigi sebäpli, operasiýadan soň olary aýyrmak hökman däl bolupdyr.
Häzirki wagtda döwrebap medisinada, köplenç, sintetik, öz-özünden sorulýan tikinler ulanylýar. Olaryň artykmaçlyklary:
― Has ygtybarly we berk;
― Infeksiýa (ýokanç) düşme howpy has pes;
― Allergiýa berme ähtimallygy az.
«THE ASHGABAT TIMES».