vybor professii podrostkom 918x516 1 THE ASHGABAT TIMES

Adamzat durmuşynda zähmetiň ähmiýeti

06.05.2024

Zähmet hemmetaraplaýyn ösen adamlary terbiýelemegiň iň zerur şertleriniň biridir. Geçmişdäki akyldarlaryň aýtmaklaryna görä, adamy adam eden zähmetdir. Zähmet şahsyýetiň köptaraplaýyn ösmegine uly kömek edýär. Adam jemgyýetde zähmet çekmese, ýaşap bilmeýär. Adam zähmet netijesinde özüniň rahat durmuşyny üpjün edýär.

Taryha ser salyp görsek, adamzat döräli bäri dürli zähmetleri çekip gelipdir. Adam öz zähmeti bilen medeniýetli, gowy ýaşap bilipdir. Adamlaryň bilelikde çeýän köpçülikleýin zähmeti jemgyýeti baýlaşdyrýar.

Öndürijilikli, gowy zähmet çekýän adamlary hemme döwürlerde-de hormatlapdyrlar.

Halk döredijiliginde zähmetiň peýdasy, ähmiýeti barasynda köp nakyllar döräpdir.

Meselem,
“Işlemedik – dişlemez”.
“Ýatan öküze iým ýok”.
“Çekseň zähmet, ýagar rehnet”.
“Ir turan işinden dynar” we ş.m.

Merýem ATAMÄMMEDOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
article overhead crane hoist types design main gallery hoists THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Awtomatlaşdyrylan asinhron elektrik hereketegetirijili desse göteriji desga

arenda lazernogo nivelira bosch grl 300 hv THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Aýlanýan lazer niweliriniň aýratynlyklary

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop