355536a5596d28a15a6fd2f80c7bb3f3 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Sport – sagdynlygyň we ruhubelentligiň nyşany

05.06.2025

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde alnyp barylýan giň gerimli işler bu ulgamy goldamakda, ýokary görkezijili sporty ösdürmekde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmeginde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagynda wajyp döwlet maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Bedenterbiýäniň, sportuň diňe bir saglygyň ýa-da bedeniň taplanmagy üçin zerur bolman, eýsem ýaşlary ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin hem örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek zerur.

Jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde hem-de ösdürmekde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriň ähmiýeti uludyr. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna etrabymyzyň ýaşlarynyň arasynda dürli sport ýaryşlary bilen bir hatarda, wagyz-nesihat häsiýetli maslahatlardyr duşuşyklar geçirilýär. Şonda sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak boýunça okuwçy ýaşlara degerli maslahatlardyr öwüt-ündewler berilýär.

Adam ömrüniň dowamlylygy, onuň ösüş derejesi halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary, tebigy-howa şertleri we jemgyýetimiziň aň-bilim derejesi bilen baglydyr. Daşky gurşawyň abadançylygy sagdyn ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. “Il saglygy − ýurt baýlygy” diýen parasatly pähimden ugur alýan hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşini möhüm ugur hökmünde kesgitläp, adam saglygyny gorap saklamakda ekologiýa abadançylygyna aýratyn orun berýär.

Hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygynyň esasy girewi hasaplanýan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, milli sportuň dünýä sportuna işjeň goşulmagyny gazanmak baradaky başlangyçlarynyň netijesinde durmuşa geçirilýän netijeli işler, ýetilen belent sepgitler, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi − bularyň ählisi dünýäde türkmen sportunyň has-da dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri açýar.

  Häzirki wagtda sportuň döwlet syýasatynda aýratyn ileri tutulmagy we bu ugurda durmuşa geçirilýän ähli oňyn çäreler halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, sagdyn nesli kemala getirmäge gönükdirilendir. Bu babatda maksatnamalaýyn we toplumlaýyn işler giň gerimde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sport ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde, halkymyzyň sagdyn we bagtyýar ýaşaýşy üpjün edilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerýän her bir raýatymyz sporty we bedenterbiýäni özleriniň durmuş ýörelgesine öwürýär. Munuň özi, jemgyýetimizde sagdyn nesilleriň kemala gelmegine uly ýardam edýär.

     Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli we sagdyn ruhly bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa, kämil nesilli jemgyýetiň kemala gelmegini şertlendirýär. Sport babatdaky öňe sürülýän asylly ýörelgeler hem, şeýle belent maksatlary ugur edinýär. Maksat — türkmen sportuny dünýä çykarmakdan, onuň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakdan ybaratdyr. Biz – ýaşlara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Allanur ÖWEZOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
i 13 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçilikleri

72c59d7242df12867cae77818790360a 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedew bady bilen özgerýän ýurdumyz

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop