i 16 THE ASHGABAT TIMES

Türkmeniň uçar ganaty – bedew atlary

14.06.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimizi ösdürmäge, şonuň bilen bir hatarda, buýsanjymyz we şöhratymyz hasaplanýan ýelden ýyndam behişdi bedewlerimizi sarpalamaga uly ähmiýet berilýär. Türkmen bedewi dünýäde hiç wagt ýitip gitmejek maddy we ruhy gymmatlykdyr.

Ahalteke atlary türkmen halkynyň milli guwanjy bolup iň gymmatly tohumlaryň biri hasaplanýar. Behişdi bedewlere türkmen topragynda belentde sarpa goýulýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda döwlet nyşanlarymyzyň döredilen wagtynda Döwlet tugramyzyň merkezinde iň gymmatly baýlyk hökmünde bedew atyň buýsançly keşbi ýerleşdirilmegini aýratyn bellärliklidir. 

Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her welaýatyň merkezinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, atşynaslara hormatly atlaryň dakylmagy, ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarymyzyň gelşiginiň bedewlerimiz bolmagy-da döwletimiziň atçylygy ösdürmäge aýratyn uly üns berýändigini görkezýär. Türkmen halky hemişe öz bedewine guwanypdyr hem-de ony milli şaý-sepleri bilen bezäpdir. Bu bolsa atlara aýratyn owadanlyk beripdir. Ýörände seýkin basyp, çapanda ýelden ýüwrük bedew atlarymyz toý-baýramlarymyzyň bezegidir, halkymyzyň köňül ganatydyr, milli buýsanjymyzdyr.

Hormatly Prezidentimiz türkmen bedewlerimiz barada edýän yzygiderli aladalary diňe atşynaslyk sungatyny ösdürmekde däl-de, eýsem halkara derejeli atly sport ýaryşlaryny, at çapyşyklaryny gurnamakda, ýurdumyzda bellenilýän toý-baýramlarymyzy has-da dabaralandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýe bolup, ol her bir adamyň kalbyny bedewlermize bolan buýsançdan doldurýar. Merdana halkymyzyň şunuň ýaly nurana baýramlara, ak ýollary alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun! Türkmen bedewiniň baýramy gutly mübärek bolsun!

Göwher GUTLYÝEWA
Mary nebitgaz orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
logist THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ulag we aragatnaşyk pudagynda uly ösüşler

sdag THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tomus möwsüminde taplama çäreleriniň ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop