sdag THE ASHGABAT TIMES

Tomus möwsüminde taplama çäreleriniň ähmiýeti

14.06.2025

Ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmaklaryny gazanmakda netijeli işler alnyp barylýar. Tomusky dynç alyş döwründe çagalar baglarynda körpeleriň aň we beden taýdan sagdyn ösüşini ýola goýmak işi utgaşykly alnyp barylýar. Şunuň bilen baglanyşykly «Türkmenistanyň döwlet mekdebe çenli çagalar edaralarynyň tomus sagaldyş möwsümi üçin gün tertibine» we çagalar bagynyň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, tomus sagaldyş möwsüminiň işi guralýar.

Çagalar bakja-bagymyzyň terbiýeçileri «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus sagaldyş möwsüminde geçirilýän gyzyklanma çäreleriniň mysaly tertibine» esaslanyp, ýörite meýilnama esasynda iş alyp barýarlar. Şoňa laýyklykda, körpeler bilen guralýan «Hereketli oýunlar», «Gyzyklanma çäreleri», «Aýdym-sazly göwnaçmalar», «Duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlar» olaryň duýgularyny ösdürip, kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Tomus paslynda geçirilýän işler taplama çäreleri bilen utgaşykly alnyp barylýar. Bu işleri talabalaýyk we göwnejaý guramakda biziň çagalar bakja-bagymyzda öňünden taýýarlyk işleri görüldi. Körpeleriň açyk howada gezelenç etmekleri üçin ýörite meýdançalar taýýarlanyldy. Günüň birinji ýarymynda toparlarda irki maşklar, irki gezelençler, gyzyklanma çäreleri geçirilýär. Umuman, çagalar bakja-bagymyzda geçirilýän gyzyklanma çäreleri körpejelerde ýakymly ýatlamalary galdyrýar.

Bilbil AMANGELDIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 33-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
i 16 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmeniň uçar ganaty – bedew atlary

i 17 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Magtymguly Pyragy-ýürekleriň çyragy

Soňkylar Makalalar

Suw – ekologik durnuklylygyň esasy ugry

13.12.2025
Gahryman Arkadagymyzyň «Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, keramat derejesine ýetiripdirler. Şöhratly taryhymyzda merdanalygy, pähim-paýhasy,

Parahatçylyk döredijilikli tagallalaryň binýady

12.12.2025
Agzybirlik, asudalyk, bagtyýarlyk ýaly düşünjeler öz gözbaşyny «parahatçylyk» diýen umman deý çuň, asman deý giň, daglar deý belent düşünjeden alýar. Şoňa görä-de, taryh sahypalarynda

Watany söýmek – mertebe mekdebi

12.12.2025
Ömrüň manysy edilen işler bilen ölçense, şol beýik işleriň maksady Watana bolan söýgüden gözbaş alýar. Kämil nesilleri ýetişdirmek, ylym-bilim almak, hünär öwrenmek ýaly birnäçe
GitTop