4df4a5eaa7f9cd9347c0ba4700a27aee2dca4f54 THE ASHGABAT TIMES

Ultra melewşe şöhläniň adamyň gözüne ýetirýän zyýanly täsiri

10.03.2024

Statistiki ösüşe görä 15,5 milion ýaşaýjylar agyr göz agyry bilen ejir çekýäler. Epidemiologik gözegçilik maglumatyna  görä, göz agyry keselçiligi orta ýewropa statistika derejesine seredeniňde 1,5-2 esse elmydama ösýär.

Ähli ýaşdaky toparlaryň arasynda “kompýuter görüş sindromy” giňden ýaýrandyr, bu bolsa kompýuteriň öňünde uzak wagtlap oturmaklyk bilen baglanşyklydyr. Esasan-am bu mesele çagalara degişlidir. Gazagystanyň saglygy goraýyş ministrliginiň statistikasynyň görkezmegine görä, 1 milliondan köpräk ýaş raýatlar görüş organlarynyň dürli  kesellerinden :  Gipermetopiýa (daşdan görüp bilmezlik), miopiýa (ýakyndan görüp bilmezlik), astigmatizm, çaşygözlülik we ş.m ejir çekýär.

Meniň hut öz gözegçiligim bu statistikany tassyklaýar. Şeýlelikde gözegçilik geçirilen orta  mekdepde okuwçylaryň 538 sanysynyň içinde 7-17 ýaşly ýetginjekler 15%-i  daşdan görüp bilmezlik bilen, 12%-nde astigmatizm, 62%-nde ýakyndan görüp bilmezlik bilen ejir çekýärler. Meniň synpdaşlarymyň içinde bolsa diňe 20%-nde görüşinde hiç-hili kemçilik ýok. A  görüş sistemasynyň nädogry ösmegi bolsa çagalykda dünýäni tanamakda kynçylyklara getirýär.

Eger-de şulary ýatda saklasaň kompýuteriň çaganyň görüşine negatiw täsir etmeginden gaça duryp bolýar: Çaganyň kompýuteriň öňünde oturmaklygyny çäklendiriň, çaga bilen göziň gimnastikasyny geçiriň, komýuteriň monitorynyň öňünde ýylpyldylaryň bolmazlygyna gözegçilik ediň [6]. Eger ýokary hem-de giň mümkinçilikli we şekilleriň ýokary ýygylykly örtülen , çyrpynmak täsiri düýpli pes bolan monitory ulansak kompýuteriň görüşe täsirini peseldip bolar. Ekranyň optimal ölçegi mekdep ýaşyna ýetmedikler üçin  15 dýum, a mekdep ýaşyna ýetenler  üçin 17 dýumlyk monitor gerek. Hökmany suratda  monitora  çenli aralygy dogry ölçemeli – bu bolsa ortaça 45-60 sm, we ol gözüň ýerleşýän derejesinden pesde bolmaly. Dürs yşyklandyryş – çep tarapdan düşýän tebigy ýagtylyk hem miopiýanyň ösüşini azaldyp bilýär. A günüň gijeki wagty bolsa çyra monitoryň ekranyny däl-de diňe resminamalary yşklandyrmalydyr. Bu bolsa işlemäne kynçylyk döredýän ýylpyldylardan gaça durmaga kömek edýär.

Gaýgysyz MÖWLAMOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
kkoixhp04huoazgaivlag82mbghqcuxolmuxcakmshqzmpoxjtemupix7iej 1 960x540 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk – ýurdumyzyň sarsmaz geljegidir

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen-ýaş olimpiýaçylary öňdebaryjy orunlarda

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop