Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirip, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly meselelere seredilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunda halkara maslahatyň resmi internet saýtynyň synag maksatly işe girizilendigi habar berildi. Bu saýt www.lldc3.gov.tm internet salgysy arkaly elýeterlidir.
Halkara forumyň internet saýty üç dilde ― türkmen, iňlis we rus dillerinde alnyp barylýar. Saýtda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar, şu gezekki halkara forumyň işi barada maglumatlar berilýär, şeýle hem onuň esasy çäreleriniň meýilnamalary ýerleşdirilendir. Şunda bu forumyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisi: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar, olaryň goňşulary ― üstaşyr geçiriji döwletler üçin maslahatdygy nygtalýar. Şeýle hem maslahata hökümetara guramalaryň, halkara maliýe edaralarynyň we beýleki halkara institutlaryň, sebitleýin toparlaryň, BMG-niň düzümleýin edaralarynyň we agentlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, akademiki edaralaryň we ylmy bileleşikleriň, hususy işewürleriň, haýyr-sahawat guramalarynyň, ýaşlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşyp biljekdigi beýan edilýär.
Halkara foruma näçe günüň, näçe sagadyň, hatda näçe minudyň galandygynyň baş sahypada görkezilmegi saýtyň esasy üns berilmeli aýratynlygydyr. Mundan başga-da, saýtda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň esasy ugurlary barada giňişleýin maglumatlar berlip, forumyň geçjek ýeriniň geografik kartasy hem ýerleşdirilendir.
Selbi ANNAMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty fakultetiniň 202-nji toparynyň talyby.