«Olýa – Türkmenbaşy» ýük gatnawyny döretmek üçin infrastruktura çeşmeleri zerur»

08.05.2024

«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň çäginde «Olýa – Türkmenbaşy» regulýar awtoparom gatnawynyň döredilmegi Russiýanyň we Hazar döwletleriniň ýük dolanyşygyny artdyrar. Bu barada Olýa täjirçilik deňiz porty paýdarlar jemgyýetiniň müdiri Aleksandr Melnikow «Viva Consult» tarapyndan guralan «Hazar sebitiniň ulag logistikasy» III halkara forumynyň çäginde Astrahanda geçirilen «Hazar deňziniň we Wolga derýasynyň basseýniniň suw ulagy» sessiýasynda eden çykyşynda belledi.

«Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda gämi aragatnaşygy ýok. Heniz yzygiderli ýük daşaýyş ugurlary ýa-da awtoulag parom hyzmaty-da ýok» — diýip, A.Melnikow nygtady.

Ol bir ýarym ýyl mundan ozal Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzinde Astrahan portlary bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda yzygiderli gatnaw ugurlarynyň açylmagy barada gepleşikleriň geçirilendigini aýtdy. A.Melnikow sözüni şeýle dowam etdirdi: «Hazar deňziniň üsti bilen Russiýanyň halkara multimodal geçelgesi Gyrgyzystandan Özbegistanyň çägi bilen Türkmenbaşy portuna geçer we deňiz arkaly haryt daşamak üçin bolsa Astrahana geler». — Hawa, bir ýarym ýyl geçdi, emma, şeýle ýük daşama ugry gurulmady. Yzygiderli aragatnaşygyň ýokdugy sebäpli, gäminiň birnäçe konteýner üçin diňe Türkmenbaşy portuna girmek, gatnaw wagtyny ýitirmek we goşmaça port ýygymlary üçin serişde harçlamak gerek bolýardy. Ýük gatnawlary bolsa hiçi hili amala aşyrylmaýardy».

Spikeriň belleýşi ýaly, konteýner ugruny ösdürmek üçin kämil infrastrukturany — terminallary, floty, konteýner enjamlaryny döretmeli. «Konteýner ýollamaly, olary yzyna getirmeli we yzygiderli uçuşlary amala aşyrmaly. Munuň özi birnäçe ýyly we ýeterlik maýany talap edýän ulgam» — diýip, A.Melnikow belledi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:54 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 14°C
пасмурно
Humidity 67 %
Pressure 1025 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Aziýanyň Ösüş banky Günorta Kawkazdaky ulag torunyň dikeldilmegine maýa goýmaga taýýar

Next Story

Türkmenistan Merkezi Aziýada dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça öňdebaryjy bolup galýar

Soňkylar Habar

GitTop