2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde döwlet sylaglarynyň gowşurylyş çäreleri ýokary derejede guraldy. Bu dabaralar ýurdumyzyň jemgyýetçilik, medeni, ylym we döwlet dolandyryş ulgamlarynda zähmet çekýän raýatlaryň bitaraplyk ýörelgelerine goşan goşandyny ykrar etmek maksady bilen geçirildi.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň binasynda hem-de Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabaralarda “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medallary we ýadygärlik nyşanlary gowşuryldy.
Sylag alanlaryň hatarynda döwlet işgärleri, jemgyýetçilik işgärleri, medeniýet we ylym işgärleri, şeýle-de durmuş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler bar. Olaryň bitaraplyk ýörelgelerini berkitmekde, parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmekde bitiren hyzmatlary aýratyn bellenildi.
Dabaralaryň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilendigi we onuň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy nygtaldy. Bu syýasat halkara parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Geçirilen dabaralar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde guralan çäreleriň möhüm bölegi boldy.