Dark
Light
22.12.2025
gowher THE ASHGABAT TIMES

Sungat äleminiň göwheri (eksklýuziw)

22.12.2025

«Ýylyň parlak ýyldyzy — 2025» bäsleşiginiň ýeňijisi, hoş zybanly aýdymçy — Göwher Hojimyradowa bilen guralan baýramçylyk söhbetdeşligini web-saýtymyzyň okyjylaryna ýetirýäris.

taz surat THE ASHGABAT TIMES

— Göwher, söhbedimiziň başynda sungatdaky ilkinji ädimleriňiz barada gürrüň beräýseňiz?
Özüm kiçilikden aýdym aýtmaga höweslidim. Maşgalamyzda sungat bilen meşgullanýan ýok bolsa-da, bu ugurda ata-enemiň goldawlary diýseň uly boldy.

— Halypaňyz kim?
― Ilkinji halypam aýdymçy Akgül Togtamyradowa. Onuň yhlasy bilen üç ýaşymda Aşgabat şäherindäki 20-nji çagalar bagynda terbiýelenýärkäm aýdym aýdyp başladym. Soň paýtagtymyzdaky 38-nji orta mekdepde we 2-nji çagalar sungat mekdebinde okan ýyllarymda hem Akgül mugallymyň sözlerine we sazyna aýdymlary ýerine ýetirdim. Türkmenistanyň at gazanan artisti Rüstem Baýramowdan bolsa halk aýdymlaryny aýtmagyň inçe syrlaryny öwrendim.

— Ilkinji meşhurlyk getiren aýdymyňyz?
― «Balajyk gelýär». 2018-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, kompozitor Begenç Hojaýewiň sazyna döreden bu aýdymymyz diňleýjiler tarapyndan gowy garşylandy.

― Nähili aýdymlary döretmegi özüňize ýakyn görýäňiz?
― Esasan, watançylyk temasyndan. Eje hakda aýdymlary hem özüme ýakyn hasaplaýan.

― Ilkinji diňleýjiňiz kim?
― Ilkinji diňleýjimem, syrdaş-ýürekdeşimem, joram hem, maslahatçym hem ejem. Hatda stilistim hem ejem.

― Aýdymçy bolmadyk bolsaňyz…
― Ejemiň kärini dowam ederdim: lukman bolardym.

gowher ha THE ASHGABAT TIMES

— Haýsy kompozitorlaryň sazlaryna we haýsy şahyrlaryň sözlerine has köp ýüzlenýäňiz?
― Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň, şahyr zenanymyz Gülşirin Hanowanyň. Köplenç, özümem düzýän. Sebäbi öz aýtjak aýdymyny aýdymçyň özünden gowy bilýän ýok. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda hem öz sözlerime döredilen «Ýüregim aldy» atly aýdym ýerine ýetirdim. Şeýle hem kompozitorlar Begenç Hojaýew, Maksat Tuwakow, Babamyrat Babaýew dagy bilen işleşýäris.

― Siziň pikiriňizçe, üstünligiň syry nämede?
― Ilkinji nobatda, maşgala goldawymyka diýýän. Irginsiz zähmet çekmek, ýadawsyzlyk, ýaltanmazlygam esasy zatlar.

― Baýramçylyk günlerinde nähili sowgat almagy halaýarsyňyz?
― Ýürekden berlen islendik sowgat.

— Täze ýylda etjek iň uly arzuwyňyz?!
— Dünýädäki ähli ynsanlaryň ýagşy arzuwlarynyň hasyl bolmagyny islärdim.

— Göwher, siziňem geljekki arzuwlaryňyz wysal tapsyn! Baýragyňyz hem, baýramyňyz hem gutly bolsun!
— Sag boluň! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, Täze ýyl her bir maşgala rysgal-döwlet, bagt, abraý getirsin! Ýurdumyz parahat, ilimiz abadan bolsun!

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

postnord danmark THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daniýanyň 400 ýyllyk hat daşaýyş taryhy tamamlanýar: PostNord 2025-nji ýylyň 30-njy dekabrynda soňky hatyny ýetirýär

mugallymm THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Mugallymçylyk – asylly kär

Soňkylar SÖHBETDEŞLIK

GitTop