Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan dünýäde iň uly, abraýly halkara gurama bolan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabyrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Taryhda ilkinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi diňe türkmen halkynyň taryhyna däl, eýsem, bütin adamzat taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygy barada Rezolýusiýa 193 döwletiň goldamagy bilen ikinji gezek kabul edildi. Bu guwançly wakalar türkmen halkyny guwandyrýar, buýsandyrýar.
«Halkara parahatcylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 34 ýyllygy mynasybetli Ilkinji partiýa guramalarymyz bilen bilelikde etrabyň medeniýet merkezinde, mekdeplerde edara-kärhanalarda jemgyýetçilik ýerlerinde Bitaraplyk derejämizi wagyz edýan çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüş derejesiniň ýokarlanmagy, halkymyzyň rahat, bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ş.ABDYÝEWA,
TDP-niň Ruhubelent etrap komitetiniň hünärmeni.