Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we edebi mirasy hakyndaky paýhas dürüdir, şeýle-de gadymy oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde gymmaty egsilmejek çeşmedir. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň bu eseriniň azerbaýjan dilinde çap edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
Hormatly Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen baý maglumatlar beýan edilýär. Milli Liderimiz eserinde türkmen topragynda ýaşap, yklymlaryň ösüşine goşant goşan meşhur serkerdeler, soltanlardyr akyldarlar barada öz pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirýär. Şu jähetden, bu kitap dostlukly döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň azerbaýjan diline terjime edilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Bu eser diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin türki dünýäniň ruhy hazynasyna öwrülen paýhas nusgalaryny özünde jemleýär. Şoňa görä-de, «Hakyda göwheri» atly kitabyň azerbaýjanly okyjylara ýetirilmegi halklarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşar. Kitapda Altyndepe, Marguş, Beýik Seljuk, Horezmşalar döwletleriniň ýakyn goňşulary bilen alyp baran syýasy, söwda gatnaşyklary barada gymmatly ylmy maglumatlar berilýär. Bu çeşmeler türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny, özara düşünişmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň däplerini ýokary derejede saklap gelendigini görkezýär.
Kitap okyjylara türkmen halkynyň şöhratly geçmişi, ahlak gymmatlyklary, Türkmenistanda ylmyň, bilimiň, medeniýetiň ösüşi barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär. Şu jähetden, Gahryman Arkadagymyzyň bu eseriniň azerbaýjan diline terjime edilmegi Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm wakadyr.
Selbi HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.