29-njy dekabrda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze gurlan jaýlaryň açylyş dabarasynda we paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýyş jaýlaryndan mätäçlik çekýän raýatlarymyza, şeýle hem Mary şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasynda ildeşlerimize täze öýleriň açarlary gowşuryldy.
Köp gatly täze ýaşaýyş jaýlaryndan öýlere eýe bolmak olaryň bagtyýar maşgalalary üçin Täze ýyl baýramyna ajaýyp sowgat boldy.
«THE ASHGABAT TIMES».