Täze ýyl baýramy dünýä halklarynyň iň söýgüli we giňden bellenilýän baýramlarynyň biridir. Ol täze umytlaryň, täze başlangyçlaryň hem-de ak arzuwlaryň nyşany bolup, her bir maşgalanyň, her bir adamyň kalbyna şatlyk we buýsanç getirýär. Türkmenistanda hem bu baýram aýratyn ruhubelentlikde, belent maksatlar bilen garşylanýar.
Eziz halkymyz Täze – 2026-njy ýyly ýokary ruhda, zähmet üstünlikleri we täze ýeňişler bilen garşy alýar. Söwda merkezlerinde we bazarlarda sowgatlyk harytlaryň, azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilip, halka ýokary hilli hyzmatlar ýola goýuldy. Bu ýagdaý hem baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrýar. Bagtyýar halkymyz sanlyja günlerden şan-şöhratly wakalara baý 2025-nji ýyly arka atyp, täze taryhy sahypa açar.
Geljek Täze – 2026-njy ýyl eziz Watanymyz üçin belent rowaçlyklaryň, uly üstünlikleriň ýyly bolsun. Halkymyzyň her bir öýi rysgal-döwletli, her bir maşgalanyň arzuwy hasyl, her bir adamyň ýüregi şatlyk bilen dolsun. Täze ýyl täze başlangyçlaryň, täze üstünlikleriň we beýik maksatlaryň ýylyna öwrülsin!
Jahan ATAÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby