Dark
Light
30.12.2025
taze yyl sowgat THE ASHGABAT TIMES

Bir ömürlik sowgat

30.12.2025

1966-njy ýylda maýa goýumlar boýunça analitik Garri Braun Täze ýylda baýramçylyk gutlagy hökmünde dokuz ýaşly gyzyna hat ýazypdyr. Onuň şol hatyna häli-häzire çenli köp ýüzlenilýär. Ol bu dünýäde hiç bir zady — hatda mähir-mylakaty hem hökman bolaýmaly halat hökmünde kabul etmeli däldigini düşündiripdir. Bizem Täze ýylyň bosagasynda şol hatyň mazmunyny okyjylar bilen paýlaşmagy müwessa bildik.

Salam, mähribanym!

Täze ýyl ýetip geldi, meni ýene şol öňki ýagdaý alada goýýar — saňa nähili sowgat saýlamaly? Men seni begendiräýjek zatlaryň nämedigine belet — kitapçalar, oýunlar, köýnekler. Ýöne menem ynjyk adam. Saňa birnäçe günden ýa-da hatda birnäçe ýyldan-da uzagrak wagtlap ýanyňda boljak zady sowgat edesim gelýär. Her Täze ýyl baýramynda saňa meni ýatlatjak nähilidir bir üýtgeşik sowgat taýýarlamak isleýän. Bilýäňmi näme, gyzym, men isleýän sowgadymy saýlamagy başaraýdym öýdýän. Özleşdirmegim üçin maňa ençeme ýyl gerek bolan bir ýönekeýje hakykatymy saňa sowgat etmekçi. Eger bu hakykata häzir düşünseň, sen öz durmuşyňy ýüzlerçe usul bilen baýlaşdyrmagy başararsyň, şonda bu seni geljekdäki alada-gaýgylaryň köpüsinden gorar.

Ynha, şeýle: saňa hiç kim hiç zat babatda borçly däldir.

Bu hiç kimiň seniň üçin ýaşamaýandygyny aňladýandyr, balam. Sebäbi hiç kim sen däldir. Her bir adam özi üçin ýaşaýandyr. Onuň duýup biljek ýeke-täk zady hut özüniň bagtyýarlygydyr. Eger hiç kimiň seniň üçin bagtyýarlyk döretmäge borçly däldigine düşünseň, sen mümkin bolmadyk zada garaşmak gaýgysyndan azat bolarsyň.

Bu hiç kimiň seni gowy görmäge borçly däldigini aňladýandyr. Eger kimdir biri seni gowy görýän bolsa, diýmek, bu sende ony bagtly edýän nähilidir bir aýratynlygyň bardygyndan alamatdyr. Munuň nämedigini anykla, ony has-da güýçlendirmäge çalyş, şonda seni has-da gowy görerler.

Adamlar seniň üçin nämedir bir zat edýän ýagdaýynda-da, bu olaryň özleriniň şeýle etmek isleýändikleri sebäpli bolýandyr. Sebäbi olarda seniň göwnüňden turmak islegini oýarýan, olar üçin wajyp bolan nähilidir bir halat sende bardyr. Bu olaryň saňa borçludygy üçin bolýan ýagdaý däldir. Eger joralaryň, dost-ýarlaryň seniň ýanyňda bolmak isleýän bolsalar, bu borçlulyk duýgusy sebäpli däldir.

Hiç kim seni hormatlamaga borçly däldir. Käbir adamlaryň saňa mähir-mylakatly çemeleşmezligi-de mümkindir. Ýöne hiç kimiň saňa ýagşylyk etmäge borçly däldigine, käbir kişiniň saňa ýaman niýet bilen çemeleşip biljekdigine düşünen pursadyň beýle adamlardan çekeräk durmagy öwrenersiň. Sebäbi senem olara hiç zat babatda borçly dälsiň.

Ýene bir gezek nygtaýan: saňa hiç kim hiç zat babatda borçly däldir.

Sen, ilkinji nobatda, özüň üçin gowy adam bolmalysyň. Sebäbi eger sen muny başarsaň, özgeler seniň ýanyňda bolmagy islärler, seniň olara berip biljek zadyň öwezine saňa dürli sowgat-serpaýlary bermek islärler. Kimdir biri saňa ýakyn durmak islemese, munuň sebäbi asla sende däldir. Eger şeýle ýagdaý ýüze çyksa, başga adamlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak bilen boluber. Goý, özgäniň aladasy seniňki bolmasyn!

Töwerekdäki adamlaryň söýgüsini hem hormatyny özüň gazanmalydygyňa düşünen pursadyň sen eýýäm mümkin däl zada garaşmarsyň, lapykeçlige-de düşmersiň. Özgeler özlerine degişli emläklerini, duýgularyny hem pikirlerini seniň bilen paýlaşmaga borçly däldirler. Birden olar senden gysganman, bu ýagdaýlary paýlaşaýanlarynda-da, muny seniň gazanmagy başarandygyň üçin şeýle edýändirler. Şonda sen öz mynasyp bolan söýgiňe hem-de dost-ýarlaryň tüýs ýürekden bildirýän hormatyna buýsanyp bilersiň. Ýöne hiç haçan bularyň hiç birini-de hökman bolaýmaly halat hökmünde kabul etmeli däldir. Eger şeýle etseň, bu adamlaryň baryny ýitirersiň. Olar saňa «ezelden ýazylan paý» däldir. Olaryň hormatyna mynasyp bolmalysyň, olary her gün «gazanmalysyň».

Maňa hiç kimiň hiç zat borçly däldigine, bergili däldigine akyl ýetiren günüm egnimden dag aýrylan ýaly boldy. Käbir zatlaryň meniň paýym bolmalydygy barada pikir edýän wagtlarym «özümiňki bolmaly» zatlary aljak bolup, beden taýdanam, ruhy taýdanam gaty kän güýç sarp edýärdim. Hakykatda welin, salykatlylyk, hormat-sylag, dostluk ýa-da akyl-paýhas babatda hiç kim maňa bergili däldi. Ynha, şuňa düşünen pursadym durmuşdaky gatnaşyklarymyň ählisinden has uly lezzet alyp başladym. Men özlerinden gerekleýän zadymy etmek isleýän adamlarda ünsümi jemledim. Ine, şu ýagdaý dostlarym, işewürlikdäki hyzmatdaşlarym, sulhumyň alýan adamlary, satyjylar we nätanyş kişiler bilen iş salyşmaly bolanymda uly kömek etdi. Özüme zerur zady diňe söhbetdeşimiň dünýäsine girmegi başaranymda alyp biljekdigimi hemişe ýadymda saklaýaryn. Onuň nähili pikirlenýändigine, nämäni wajyp hasaplaýandygyna, aslynda, onuň näme isleýändigine meniň hökman düşünmegim gerek. Diňe şeýle bolanda, men ondan özüme gerek zady alyp bilerin. Diňe adama düşünen ýagdaýymda, ondan maňa nämedir bir zadyň, hakykatdan-da, gerekdigini aýdyp bilerin.

Köp ýylyň dowamynda akyl ýetiren halatymy bir hatda jemläp aýdaýmak aňsat däl. Ýöne welin bu haty her Täze ýylda gaýtalap okasaň, belki, onuň manysy saňa ýylsaýyn has düşnükliräk bolar.

SAŇA HIÇ KIM HIÇ ZAT
BORÇLY DÄLDIR.

Terjime eden Orazmyrat MYRADOW.

Çeşme: «Türkmenistan» gazeti, 30.12.2025 ý.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

semijenk THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türk estrada ýyldyzy Semijenk türkmen sahnasynda konsert berdi

asgabat watan saher asuda THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bedew bady bilen öňe!

Soňkylar Makalalar

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.

Bedew bady bilen öňe!

30.12.2025
Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda başy başlanan asylly işleriň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi bilen, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, nurana geljeginiň binýadyny emele

Täze ýylyň şatlygy we täze başlangyçlar

30.12.2025
Täze ýyl baýramy dünýä halklarynyň iň söýgüli we giňden bellenilýän baýramlarynyň biridir. Ol täze umytlaryň, täze başlangyçlaryň hem-de ak arzuwlaryň nyşany bolup, her bir

At kişňese, toý bolar

30.12.2025
Gündogar senenamasynda 2026-njy ýyl ýyndamlygy, gujur-gaýraty we erki alamatlandyrýan Ýylky ýyly hökmünde häsiýetlendirilýär. Müçe ýyllary tebigaty, häsiýeti, reňki we sany boýunça seljerilýär. Ata-babalarymyz ir
GitTop