Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda başy başlanan asylly işleriň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi bilen, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, nurana geljeginiň binýadyny emele getirýän ösüşler gazanyldy. Bosagada duran täze ýyl bolsa eziz Diýarymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçer. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy belleniljek şanly ýyly şeýle buýsançly at bilen atlandyrmak barada Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararynyň kabul edilmegi ildeşlerimizde uly seslenme döretdi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň häzirki ösüşiniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge we şolar boýunça tutuş ýyly şöhratlandyrmaga mümkinçilik berýär. 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen ajaýyp jümläniň 2026-njy ýylyň şygary hökmünde saýlanyp alynmagy tüýs ýerine düşen çözgüt boldy. «At — myrat» diýlişi ýaly, halkymyz bedewlerimiz bilen bilelikde döredijiligiň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ýoluny ynamly we okgunly dowam etdirýär.
Bosagada — 2026-njy ýyl, bedew ýyly! Dünýäde gözelligi we ýyndamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk iň ajaýyp bedewler — ahalteke atlary bolsa türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýär. Şonuň üçin bedewlere söýgi halkymyzyň ganynda bar. Türkmenler üçin ahalteke bedewi ezizdir, arzyly gymmatlykdyr. Bedew bilen türkmeniň bagry badaşandyr. Gahryman Arkadagymyzyň milli atçylyk we seýisçilik sungatyny ösdürmek, has-da kämilleşdirmek, naýbaşy ahalteke atlaryny köpeltmek boýunça başyny başlan giň möçberli işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalynda şowly çykyş edip, ýokary derejeli baýraklara mynasyp bolmagyna şanly ýylymyzyň milli, sebit we dünýä ähmiýetli işlerine özboluşly badalga hökmünde kabul edildi. Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk ýubileýi astynda geçjek 2026-njy ýyl ýurdumyzyň zähmet üstünliklerini, uly gazananlaryny mundan beýläk-de pugtalandyrar. Täze ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary-da şuňa delildir.
Gülüstan JOMARTOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.