Dark
Light
30.12.2025
ronaldo bayragy THE ASHGABAT TIMES

2026-njy ýylda Ronaldonyň çykyş edýän topary Türkmenistana geler

30.12.2025

Şu gün, 30-njy dekabrda «AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2» bäsleşiginiň 1/8 finalynyň bije  çekişlik dabarasy boldy. Netijelere görä, Türkmenistanyň «Arkadag» topary Kriştianu Ronaldonyň çykyş edýän topary – Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» FK bilen oýnar.

Mälim bolşy ýaly, Aziýa yklymynyň abraýly bäsleşiginde çykyş edýän ýurdumyzyň çempiony toparçalaýyn bäsleşigiň jemleýji, bäşinji tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykyp, utulan-çykdy tapgyryna çykmagy başardy. 1/8 finalda Türkmenistanyň çempionynyň garşydaşlary öz toparçalarynyň ýeňijileri BAE-niň «Al-Wasl», Iordaniýanyň «Al-Husseýn» hem-de Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlary boldy. Bu gün bolsa bije çekişligiň netijesi yglan edildi.

Şeýlelikde, «Arkadag» bilen «Al-Nasr» toparlarynyň birinji duşuşygy 2026-njy ýylyň 10-11-nji fewralynda Aşgabatda geçiriler. Dünýä futbolynyň rowaýaty hasaplanýan Ronaldo hem, eger gelmekden dänmese, Türkmenistanda geçiriljek futbol duşuşygynda çykyş eder.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yaslar sanly ulgam 25 new 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

Soňkylar Habar

Täze öýleriň açarlary gowşuryldy

30.12.2025
29-njy dekabrda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze gurlan jaýlaryň açylyş dabarasynda we paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýyş jaýlaryndan mätäçlik çekýän raýatlarymyza, şeýle hem Mary

«Arkadag» topary – Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi

29.12.2025
«Arkadag» toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar. Arkadag şäheriniň adybir topary ýurduň Ýokary ligasyndaky çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni Türkmenistanyň Kubogy bilen ýetirdi. Final
GitTop