Düýn, 1-nji ýanwarda Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde ýurdumyz boýunça 2026-njy ýylda ilkinji çaga dünýä indi. Oglanjyga onuň ata-enesi täze ýylyň ruhuna laýyk gelýän Atamyrat diýip at goýdy.
2026-njy ýylyň ilkinji minutlarynda Aşgabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — Şeker hem-de Emir Gaýypowlaryň ilkinji ogul perzende gözi düşdi. Onuň agramy 3001 gram, boýy bolsa 48 santimetr.
Bäbejige we onuň ejesine lukmanlardyr şepagat uýalary tarapyndan ähli degişli gözegçilik işleri öz wagtynda geçirilýär. Şeker hem-de Emir Gaýypowlar öz perzentlerini ata Watanymyza, il-günümize wepaly, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ilhalar ogullar edip terbiýeläp ýetişdirjekdiklerine ynandyrýarlar.
«THE ASHGABAT TIMES».