Hindistanyň Hökümetiniň ýylyň ahyrynda çap eden täze ykdysady maglumatlaryna görä, ýurt jemi içerki önümiň pul möçberi boýunça Ýaponiýadan ozup, dünýäniň dördünji iri ykdysadyýetine öwrüldi. “The Times of India” neşiriniň berýän habaryna görä, häzirki wagtda Hindistanyň JIÖ-niň möçberi 4,18 trillion dollara ýetip, bu görkeziji ýurda dünýä reýtinginde täze basgançaga göterilmäge mümkinçilik berdi.
Resminamada bellenilişi ýaly, Hindistanyň ykdysady ösüşi diňe bir Ýaponiýadan ozmak bilen çäklenmän, eýsem ýakyn 2,5-3 ýylyň içinde Germaniýany hem üçünji orundan gysyp çykarmaga dalaş edýär. Nýu-Deliniň bu ugurda alyp barýan strategik ädimleri ýurduň iň uly üç ykdysadyýetiň birine öwrülmegine gönükdirilendir.
Eýýäm birnäçe ýyldan bäri dünýäniň iň çalt ösýän ykdysadyýeti hökmünde tanalýan Hindistan, bu okgunly ösüş depginini saklamak üçin ähli zerur mümkinçiliklere we şertlere eýedir. Hökümet tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady reformalar we maýa goýum syýasaty ýurduň geljekki ösüşleriniň esasy kepili hökmünde görülýär.