Dünýä belli “Grammy” baýragynyň eýesi, Amerikan aýdymçysy Beýonse “Forbes” žurnalynyň täze taýýarlan dünýä milliarderleriniň sanawynda özüne orun tapdy. 44 ýaşly ýyldyz bu derejä ýetmegi başaran bäşinji aýdymçy hökmünde taryha girdi. Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, aýdymçynyň baýlygynyň umumy möçberi bir milliard dollara ýetip, bu görkeziji diňe bir onuň aýdym-saz karýerasyndan däl, eýsem esaslandyran şahsy kompaniýalaryndan we dürli brendlerinden gelen girdejileriň hasabyna emele geldi.
Bu üstünlik Beýonseni aýdym-saz äleminiň iň baý we täsirli şahsyýetleriniň hataryna goşdy. Mundan ozal onuň ýanýoldaşy, meşhur repçi Jay-Z hem bu sanawa girmegi başarypdy. Şeýlelikde, olar dünýäniň iň gurply jübütleriniň biri hökmünde öz ornuny berkitdiler. Milliarderleriň bu abraýly sanawynda Beýonse we Jay-Z bilen bir hatarda Teýlor Swift, Brýus Springstin we Rianna ýaly tanymal aýdymçylar hem bar.
Beýonseniň telekeçilik ukyby we döredijilik işjeňligi netijesinde gazanan bu maliýe üstünligi, sungat dünýäsiniň wekilleriniň uly biznesde hem ýokary netijeler gazanyp biljekdiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.