volga THE ASHGABAT TIMES

Welosiped sporty — sagdynlyga badalga

01.04.2024

Taryhyny 1869-njy ýylda Fransiýanyň Pariž we Ruan şäherleriniň aralygynda geçirilen ilkinji uly ýaryşdan alyp gaýdýan welosiped sporty 1896-njy ýylda Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Welosiped häzirki wagtda tutuş dünýäde iň ýörgünli ulag serişdesine öwrüldi. Awtomobiliň welosipede çalşylmagy daş-töwerege ýaýraýan zyýanly gazlaryň derejesini peseltmäge kömek edýär. Ynsan saglygy, ekologiýanyň arassalygy üçin hem iňňän ähmiýetli bu ulagyň biziň ýurdumyzda sanynyň köpelmegi, ýaşlaryň arasynda welosipede bolan höwesiň artmagy onuň meşhurlygyny barha ýokarlandyrýar. Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolan bu sport görnüşiniň Türkmenistanda hem uzakdan gözbaş alýan taryhynyň bardygy bellärliklidir. Bu taryh 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden gözbaş alýar. Munuň şeýledigine 1895-nji ýylyň iýun aýynda welosiped sürmek boýunça ilkinji ýaryşyň geçirilendigi hem şaýatlyk edýär.

Welosiped ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşidir. Welosiped sürmek ruhuňy belende galdyrýar, şeýle hem mähriban ülkämiz boýunça gyzykly gezelençleri amala aşyrmaga, tebigatyň ajaýyp künjeklerine baryp görmäge mümkinçilik berýär. Welosipedde gezelenç etmek bedene kadaly agram salýar. Munuň özi bolsa adamyň bedeniniň möwsümleýin sowuklama we beýleki kesellere üstünlikli garşy durmagyny üpjün edýär. Lukman hünärmenleriň pikirine görä, welosiped sürmek ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ep-esli azaldýar hem-de dem alyş ulgamyna oňyn täsir edip, öýkeniň kadaly işlemegine ýardam berýär.

Arkadagly Gahryman Seradarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet sýasatynyň netijesinde häzirki wagtda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi Türkmenistanda giň gerime eýe boldy. Welosiped sporty bilen meşgullanýan türkmenistanlylaryň sany ýylsaýyn artýar. Sportuň bu görnüşi, sözüň doly manysynda, ýurdumyzda täze galkynyşa eýe boldy.

Ýur­du­myz­da giň ge­ri­me eýe bo­lan we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­mek­de edil­ýän   iş­le­riň ha­ta­ryn­da bel­li se­ne­ler my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped  ýö­riş­le­ri­ni my­sal ge­tir­mek bo­lar. Mund­an baş­ga-da, we­lo­si­ped we bu ugur­da­ky giň ge­rim­li çä­re­ler ýur­du­my­zyň ady­nyň Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­dy. 2018-nji ýyl­da ge­çi­ri­len we­lo­si­ped sür­mek bo­ýun­ça iň köp san­ly il­deş­le­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da okuw sa­pa­gy, 2019-njy ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çesin­de iň do­wam­ly bir ny­zam­ly we­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň ge­çi­ri­lme­gi bi­len onuň tä­ze dün­ýä re­kor­dy hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň 193 agza döwletleri Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bütin dünýäde welosiped sportuny ösdürmek baradaky Kararnamany ykrar etdi. Bu Kararnamada bellenilişi ýaly, onda ösen we ösüp barýan döwletlerde welosiped sürmegi şäher we oba şertlerinde guramak we ösdürmek, şeýle-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, welosiped sürüjileriň sanyny köpeltmek, awtoulaglardan çykýan gazlaryň möçberini kemeltmek esasy wezipeler bolup durýar.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýaýbaňlanmagy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak il-ýurt, umumadamzat bähbitli, tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Ýusup ÝOLLYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
5115252 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarýar

dsc 0109 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Akyldar şahyryň şygyrlary — terbiýe mekdebi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop