cbef2fb0 f5b6 11e7 bda3 f7748bbe30ea THE ASHGABAT TIMES

Psihoanaliz

04.04.2024

Psihoanaliz XX asyryň 20-nji ýyllarynda giňden ýaýrap ugraýar. Häzirki döwürde psihoanalitikleriň bütindünýä halkara jemgyýeti bolup, ol daşary ýurtlarda giňden ýaýrandyr.

Freýd şahsyýetiň gurluşynda aňlanylmaýan psihika üns berip, ony esasy derňew obýektine öwürýär. Ol näsaglar öz hereketleriniň, özüni alyp barşynyň sebäplerini düşündirip bilmezler, sebäbi olary döredýän esaslar aňyň çäginden daşda durýar diýip belleýär. Psihiki näsaglygyň esasy sebäpleri düýş görmek, erksiz hereketleriň şertli sebäpleri öwrenilende ýüze çykarylyp biliner. Özüňi alyp barşyň hakyky motiwlerini(sebäplerini) düşündirmek we ony adam üçin, şol sanda, psihiki taýdan näsag adamlaryň kesellerini bejermek üçin hem aňlanylýan häsiýetde düşündirmek psihoanaliziň-Freýdiň aňlanylmaýan psihikany derňemek üçin işläp düzen usulynyň esasy maksatlarynyň biridir.

Freýd şahsyýetiň ähli ösüşleri iki sany dogabitdi instinkten gelip çykýar diýip nygtaýar. Olar: nesli dowam etdirmek instikti (seksual meýiller-libido) we öz-özüňi goramak instinkti (ölüm howply).

Adamyň bütin bedeni erogen zona bolup durýan hem bolsa, Freýd olaryň esaslary hökmünde agzy, anusy, we jynsy organlary belläp geçýär.

Umumylaşdyryp alanymyzda, Freýdparazçylyk şahsyýet psihologiýasynda has giňden ýaýran ugurlaryň biridir. Ol psihologiýada sosial faktoryň roluna kembaha seretmek bilen, şahsyýetiň kemala gelmeginde aňlanylmaýan, instinktiw başlangyçlaryň ähmiýetini absolýutlaşdyrýar.

Nurana ARAZBAÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Saglygym – baş baýlygym

amaly hasham haly onumleri turkmen carpet THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen halysy-gadymy hem müdimi senet

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop