Dark
Light
25.01.2026
59 o5jt s3 THE ASHGABAT TIMES

MAL ETI WE ONUŇ ADAMA ÝOKUMY

16.04.2024

Halk lukmançylygynda bellenmegine görä, ýokumlylygy güýçli bolan, be¬deni iýmitlendirýän we kuwwatlandyrýan tagamlaryň biri – etdir. Oňat etleriň biri, bir ýaşan goýnuň eti hasaplanylýar. Siňmesi ýeňil we tagamly et bolsa, gara goýnuň eti hasaplanýar. Çölde bakylýan garaköli goýunuň eti aw etine ýakyn hasaplanylýar. Garry malyň eti ýaramsyz hasaplanylýar. Goýunyň boýun eti guýruk etinden gowy hasaplanylýar. Sebäbi ýagly et semremäge we adam bedeninde holesteriniň artmagyna getirýär. Etleriň iň gowusy çylka et hasaplanylýar. Urkaçy goýnuň kelle we göwre eti ýaramsyzrak bolup, iň lezzetli we tiz siňýän ýeri boýun etidir.

Döş eti bolsa ýokumlylygyndan baş¬ga-da, arassa ganyň döremegine peýda berýär. Köp ýerlerde türkmenlerde gelin almak üçin guda bolunandan soň, ýigit tarapyň gyz tarapa malyň döş etini eltmek däbi bar. Bu däp hem şonuň üçin dörän bolsa gerek.

Iň ýaramly et halk lukmançylygynda gaýnadylan et hasaplanylýar. Semiz we ýagly et ýaramsyz we ýokumsyz hasaplanylýar. Hatda halk lukmançylygy boýunça malyň sag böwrüniň etiniň çep böwrüniňkiden ýeňil siňýänligi we oňatlygy kesgitlenilipdir.

Eti gowy çeýnäp iýseň tagamly we ýakymly bo¬lýar. Geçi etiniň içinde iň oňady iki gezek owlaklan geçiniňkidir. Goç etiniň siňmesi agyr we gara öt (söwdaýy) kesellerini dö¬red¬ýänligi üçin ýakymsyz hasaplanýar. Ol gaýgy-gamy we huşsuzlyk derdini döredýär.

Owlak eti oňat görülýär, esasanam süýt emip ýören ow¬la¬gyň eti tiz siňýär. Düýe eti öt suwuklygynyň bölünip çykmagyna kömek edýär. Köşek eti oňat etleriň biridigine garamazdan, ysly bolýar.

Ibn Sina at, düýe etiniň ýaramsyzdygyny nygtap geçipdir. Guş etini köp iýmek dürli dertleriň we gyzdyrmanyň döremegine sebäp bol¬ýar diýip nygtapdyr. Şonuň üçin dürli etleri maksada laýyk we ýerini bilip peýdalanmak saglygyň girewi bolup durýar.

Irada JUMANBAÝEWA
Daşoguz agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

maxresdefault THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýokary naprýaženiýalary ölçemek

fhtzvtcz93iiqwvnq9rqr338hx4ewj 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nýu-Ýork şäherinde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop